Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1847619
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Çawuşogly: Galla koridory üçin konstruktiw rol eýeleýäris" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýä resmi sapar bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Liz Trass bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda: "Gara deňizdäki galla koridory üçin Türkiýe hökmünde konstruktiw rol eýeleýäris. Russiýadan Stambulda meýilleşdirilen maslahat üçin oňyn jogaba garaşýarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Çawuşogly: Ysraýyl bilen diplomatik wekilçilik derejämizi ilçi derejesine ýetirmek üçin işe girişdik" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ysraýyl bilen Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy we sebitleýin geňeşmeleriň möhümdigini belläp: "Ysraýyl bilen diplomatik wekilçilik derejämizi ilçi derejesine ýetirmek üçin işe girişdik" diýendigini habar berýär. 

Sabah gazedi: "Oktaý: DKTR-nyň ähli edaradyr-kärhanalarynyň güýçlenmegine uly ähmiýet berýäris" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň, DKTR-nyň durnuklylyk içinde özgermegi üçin ähli guramadyr-edaralarynyň güýçlenmegine uly ähmiýet berýändiklerini belläp, Kipr türkleriniň 1571-nji ýyldan bäri esasy elementi bolan öz topraklarynda, özygtyýarlylygyny berkitmegi üçin doly ýagdaýda goldaýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. 

Haber Türk gazedi: "Baýraktar Akynjy beýiklik rekordyny 3-nji gezek täzeledi" söz başyly habarynda, Baýkar kärhanasy tarapyndan milli mümkinçilikler bilen oýlanyp tapylan Baýraktar Akynjy söweşjeň uçarmansyz howa ulagynyň, milli awiasiýa beýiklik rekordyny ýene-de bir gezek täzeländigini aýan edýär. Baýraktar Akynjy ozal özüne degişli bolan rekordyny täzeläp, 13 müň 716 metr beýiklige ýetip bildi. 

Star gazedi: "Ýewropadan türk aýakgaplaryna talap artýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Aýakgap öndürijiler federasiýasynyň başlygy Ahmet Aýdanyň, Türkiýäniň aýakgaplarynyň hili sebäpli Ýewropa ýurtlaryndan talap artýandygyny belläp: "Häzirki wagtda Ispaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Gollandiýa, Belgiýa ýaly ýurtlardan örän uly talap bar" diýendigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar