Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1847149
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Türkiýe we Saud Arabystanynyň umumy jarnamasy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň resmi sapar bilen Türkiýä gelen Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň, iki ýurdyň gol çekmeginde umumy jarnamanyň çap edilendigini habar berýär. Türkiýe-Saud Arabystany umumy jarnamasynda: "Geçirilen duşuşyklarda syýasy, ykdysadyýet, harby, howpsuzlyk bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze hyzmatdaşlyk döwrüniň başlamagynda tutanýerlilik nygtalyp geçildi" diýip habar berildi. Umumy jarnamada kazyýet, ylym, syýahatçylyk, raýat awiasiýa, milli howpsuzlyk, energetika we klimat çalşygyna garşy göreş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň artdyryljakdygy beýan edildi.

Hürriýet gazedi: "Altun: Türkiýe terror meselesinde çürt-kesik ynandyrylmaly" söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda beýanat berendigini mälim edýär. Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Altun; “Şwesiýanyň NATO agzalygyna razy bolmak, haýsydyr bir hüjüm mahalynda 5-nji madda laýyklykda şwed halkyny goramagy kepillendirjekdigimizi aňladýar. Şwesiýa üçin şeýle jogapkärçiligi aljak boljak, ýurduňyzda ýygnalan serişdeler bilen türk raýatlaryna hüjüm guralmagyna, Siriýada we Yrakdaky terror gaçybatalgalaryndan şwed ýaraglarynyň tapylmajakdygyna bizi doly ynandyrsynlar” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda tankydy maslahat: Ilkinji anyk netije alyndy" söz başyly habarynda, Azyk krizisiniň çözüwi we Ukrainanyň portlarynda garaşdyrylýan galla önümleri bilen ýüklenen gämilerdäki galla önümleriniň eksport bilen bagly Türkiýäniň we Russiýanyň harby wekiliýetleriniň arasyndaky maslahatyň  Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilendigini aýan edýär. Moskwadaky gepleşikler ilkinji anyk netijesini bermäge başlady. Uzak wagt dowam eden maslahatyň ahyrynda, ýagny maslahatdan birnäçe sagat soň ençeme gün bäri garaşdyrylan türk gämisi, Ukrainanyň portyndan ýola çykdy. "Azov Concord" atly türk gämisi Russiýanyň goşunynyň we separatist toparlaryň gözegçiligindäki Ukrainanyň Mariupol şäherindäki portyndan çykan ilkinji daşary ýurt gämisi boldy. 

Watan gazedi: "Türkiýede ilkinji! DATA işe başlady" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji Suwasty synag infrastrukturasynyň (DATA) durmuşa geçirilendigini beýan edýär. Synag platforma bolan DATA, suwasty gämilere zerurlyk bolmadan suwasty ok-därileriň synagyny we imitasiýasyny amala aşyryp bilýär. Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank: "DATA möhüm ok-därileriň özgertmek tapgyryny örän tizleşdirdik" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Oba hojalyk önümçiliginde Türkiýe Ýewropada 1-nji orunda" söz başyly habarynda, Oba-hojalyk we tokaýçylyk ministriniň orunbasary Ebubekir Gizligideriň, Stambulda geçirilen 8-nji Türk-Arap Azyk we azyk tehnologiýalar sergisinde: "Oba hojalyk önümçiliginde Türkiýe Ýewropada 1-nji orunda, dünýäde bolsa 10-nji orunda" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar