Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1846600
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan Jonson we Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Estoniýanyň Prezidenti Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär. Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdoganyň liderler bilen sebitleýin meseleler bilen birlikde Ukrainadaky galla krizisini ara alyp maslahatlaşandygy habar berildi.

Star gazedi: "Krizis Türkiýede çözüler" söz başyly habarynda, Global galla meselesiniň çözüwi bilen baglanşykly Stambulda Dörttaraplaýyn galla sammitiniň geçiriljekdigini mälim edýär. Prezident Diwany çeşmelerinden alynan maglumata görä, sammite Ukrainanyň we Russiýanyň wekiliýetleri bilen birlikde BMG-nyň Baş sekretary hem gatnaşar. Galla meselesiniň çözüwi üçin şu hepdäniň içinde Türkiýäniň Goranmak ministrliginden wekiliýetiň Russiýa gitjekdigi aýan edildi.

Haber Türk gazedi: "Türk alymlaryndan Krym Kongo gemorragik gyzdyrmasyna garşy çäre bolup biljek derňew" söz başyly habarynda, Krym Kongo gemorragik gyzdyrma keseliniň irki anyklaýyşy we bejergisi bilen bagly türk alymlaryň işe girişendigini beýan edýär. Ýokanç keseller bölüminiň hünärmeni Prof.Dr. Önder Ergönül bilen KUISCID merkeziniň (Koç Uniwersitedi Işbank ýokanç keseller merkezi) işgärleri, Krym Kongo gemorragik gyzdyrmasynyň irki anyklaýyşy üçin ýerli PCR testlerini oýlap tapyp, Türkiýede giňden ulanylmaga berilmegini maksat edinýärler.

Watan gazedi: "Stambulda syýahatçylaryň sanynda uly artyş" söz başyly habarynda, Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýanyň, maý aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 264,6 göterim artyp, 1 million 402 müň 366-a ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Stambula iň köp Germaniýa, Eýran, Russiýa Federasiýasy, ABŞ we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan syýahatçylar geldi.

Hürriýet gazedi: "THÝ-na iň ýokary derejeli şahadatnama" söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň IATA-nyň (Halkara howa transportlary assosiasiýasy) IEnvA programmasy boýunça "Iň ýokary derejeli şahadatnama" laýyk görülendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar