Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1838051
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy weto edildi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Adalat we ösüş partiýasynyň Kyzyljahamam etrabyndaky maslahatynyň ýapylyşynda eden çykyşynda, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy bilen bagly: "Garaşýanlarymyz ýerine ýetirilmeden NATO-nyň giňelmegi babatyndaky pozisiýamyzy üýtgetmeris" diýendigini habar berýär. 

Haber Türk gazedi: "Altun: Terrorizm ýaly mesele boýunça gepleşikler geçirilmez" söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň, Şwesiýanyň "Dagens Nyheter" gazedine beren beýanatynda, Şwesiýanyň NATO agza bolmak üçin tutan ýüz tutmasy bilen baglanşykly: "Terrorizm ýaly mesele boýunça gepleşikler geçirilmez. Mundan soň näme boljakdygy Şwesiýanyň hökümedine bagly. Biz Şwesiýanyň içerki işlerine goşulmarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Daşary işler ministrliginden Kipriň Grek bölegi bilen Ysraýylyň harby türgenleşigine reaksiýa" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Ysraýylyň Kipriň Grek bölegi bilen Ortaýer deňizinde geçiren "Agapinor 2022" atly harby türgenleşik bilen bagly beren beýanatynda, Kipriň Grek böleginiň sebiti durnuksyzlaşdyrmagyň hasabyna geçiren harby türgenleşiginiň ýürekden çemeleşmezliginiň açyk ýagdaýdaky subutnamasydygyny aýdandygyny mälim edýär. 

Sabah gazedi: "Bütindünýä Söwda guramasynda Turkey ýerine ilkinji gezek Türkiýe ulanyldy" söz başyly habarynda, BMG-nyň daşary ýurt dillerinde "Turkey" hökmünde ulanylan ýurduň adyny "Türkiýe" hökmünde üýtgetmeginden soň, Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä Söwda guramasynda ýurdyň ady ilkinji gezek "Türkiýe" hökmünde ulanylandygyny beýan edýär. 

Star gazedi: "Gyrgyzystandan Dalaman howa menziline gönüden uçar saparlary başlady" söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Dalaman howa menziline Gyrgyzystandan gönüden uçar saparlarynyň başlandygyny aýan edýär. Gyrgyzystanyň Bişkek we Oş şäherlerinden ilkinji uçar saparlary başlamak bilen birlikde, hepdede 2 gezek amala aşyrylýan uçar saparlaryň sany öňümizdäki günlerde 4-e ýetiriler.  


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar