Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1832177
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Erdogan: Türkiýe hiç wagt ezilen we ejir çeken adamlara ýüzüni öwürmedi" söz başyly habarynda, Prezidentiň Kompleksinde geçirilen Ýokary konsultatiw geňeşiniň maslahatynda çykyş eden Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň taryhda bolşy ýaly şu günki günde hem serhedine gelen we tapawutly ýollar bilen ýurda sygynan ezilen we ejir çeken adamlardan ýüz öwürmändigini aýdandygyny habar berýär. 

Hürriýet gazedi: "Öýlerine gaýdyp baran siriýalylaryň sany 500 müňden geçdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň howpsyz ýagdaýa getiren sebitlere gaýdyp baranlaryň sanynyň 500 müň adamdan geçendigini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan şol sebitlerde halkara derejede beriljek maliýe kömekleri bilen guruljak ýaşaýyş ýerleri bilen has köp siriýalynyň öýlerine gaýdyp barmaklaryny üpjün etjekdiklerini beýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Operasiýa taýarlyklary tamamlandy" söz başyly habarynda, Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolak emele getirmek üçin 2016-njy ýyldan bäri 4 aýry uly operasiýa geçiren Türkiýäniň, 5-nji operasiýa üçin hem taýarlyklaryny tamamlandygyny aýan edýär. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň yşarat beren täze operasiýanyň esasy nyşanalary ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň gözegçiliginde bolan Tel Ryfat, Aýn-Al Arap, Aýn Isa we Manbij bolmagy mümkin. 

Haber Türk gazedi: "Stoltenberg: Türkiýe ähli hyzmatdaşlar üçin möhüm bir ýurt" söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Türkiýäniň geografiýa we strategik taýdan tankydy, ähli hyzmatdaşlar üçin bolsa möhüm bir ýurtdugyny belläp: "Türkiýe terrorçylykly hüjümlerde iň köp zyýan çeken ýurt" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Sabah gazedi: "Çawuşogly: Palestinanyň ýanynda bolmaga dowam ederis" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Palestina goldaw bermegiň Türkiýäniň ileri tutýan ugry bolmaga dowam etjekdigini aýdandygyny habar berýär. Türkiýäniň Palestina dawasyny iň köp öňe süren ýurtdygyny aýdan Çawuşogly: "Garaşsyz we özygtyýar bir döwlete eýe bolmak ugrundaky göreşinde palestinaly doganlarymyzyň ýanynda durmaga dowam ederis" diýip belledi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar