Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1831344
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogandan Şwesiýa we Finlýandiýa NATO bilen bagly ýüzlenme: Anyk ädimleriň edilendigini görmek isleýäris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO ädimi bilen baglanşykly, ýurtlaryň ikisinden hem terrora garşy göreşde anyk ädimleriň edilendigini görmek isleýändiklerini aýdandygyny habar berýär. Terrora garşy göreşde Türkiýäniň hakly tamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň gerekdigini aýdan Erdogan: "Şwesiýanyň sanksiýalaryny ünsden düşürip bilmeris" diýip belledi.

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Meniň üçin mundan beýläk Misotakis diýen biri ýok" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beren beýanatynda, Gresiýanyň Premýer ministri Kiriakos Misotakisiň ABŞ-nyň Kongresinde Türkiýä garşy beren beýanatyna berk reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Erdogan: "Şu ýyl Strategik Geňeşiň maslahatyny geçirmelidik. Meniň üçin mundan beýläk Misotakis diýen biri ýok. Duşuşygy geçirmeris" diýip nygtady. 

Star gazedi: "Saud Arabystany Baýraktar Akynjy hüjüm ediji uçarmansyz howa ulagyna talap bildirdi" söz başyly habarynda, Merkezi Liwanda ýerleşýän Taktikal Report tarapyndan berilen habara görä, Saud Arabystanynyň Türkiýede ýerli we milli ýagdaýda özgerdilen Baýraktar Akynjy hüjüm ediji uçarmansyz howa ulagyny satyn almak üçin işe girişendigini aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Moody's Türkiýäniň ykdysadyýetine ynam bildirýär" söz başyly habarynda, Halkara Kredit derejelendiriş guramasy Moody's-yň Ýurtlaryň risk toparynyň uly başlygy Ketrin Mýulbrenneriň, Türkiýäniň banklarynyň durnukly we açyk ýagdaýda ykdysady deňagramlylygy üpjün etmekde möhüm elementleriň arasyndadygyny belläp: "Türkiýäniň ykdysadyýeti hemişe durnuklydy. Beýik we dürli-dürli bolan bir ykdysadyýet" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: "Aprel aýynda 225 göterim artdy" söz başyly habarynda, 2022-nji ýylyň aprel aýynda daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 225,59 göterim artyp, 2 million 574 müň 423-e ýetendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar