Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1825068
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet: "Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda 15 ylalaşyk baglaşyldy" söz başyly habarynda, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewiň Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine sapar gurandygyny habar berýär. Saparda Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda transport, goranyş senagaty, harby razwedka, maglumat tehnologiýalary, medeniýet, oba hojalyk, ýük daşama, söwda, gümrük, daşky gurşaw, bilim, ýaşlar, aragatnaşyk we arhiw ugurlary boýunça 15 ylalaşyk baglaşyldy. 

Haber Türk gazedi: "Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi Türki Döwletler guramasynyň ähmiýedini görkezdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Russiýa-Ukraina söweşiniň Türki Döwlet Guramasynyň içindäki raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň ähmiýedini ýene-de bir gezek görkezendigini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew bilen Türki Döwlet Guramasy bilen birlikde BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy ýaly platformalarda Türkiýe-Gazagystan raýdaşlygyny dowam etdirmekdäki tutanýerliligini tassyklandyklaryny beýan etdi. 

Sabah gazedi: "Türkiýäniň täze gümrük geçelgesi Rize-Artwin howa menzili" söz başyly habarynda, Rize-Artwin howa menziliniň halkara girişler we çykyşlar üçin hemişe açyk howa serhet derwezesi hökmünde kesgitlenendigini aýan edýär. Rize-Artwin howa menziliniň açylyş dabarasy 14-nji maýda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda ýerine ýetiriler. 

Ýeni Şafak gazedi: "Azerbaýjanda Teknofest taýarlygy" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň uly Awiasiýa, kosmos we tehnologiýa festiwaly Teknofestiň, Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde 26-29-njy maý aralygynda geçiriljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Baku Krystal Holl we Deňiziň Kenary bulwary atly milli seýilgähde geçiriljek Teknofest, 4 günüň dowamynda myhmanlara açyk bolar. 

Star gazedi: "Türkiýedäki bor ätiýajy dünýäni 1 müň ýyllap üpjün edip biler" söz başyly habarynda, Eti Dag-magdan senagaty Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Serkan Keleşeriň, Türkiýäniň bor atiýajynyň dünýäniň umumy ätiýajynyň 73 göterime deňdigini belläp: "Türkiýe hökmünde ýeke özi dünýäni 1 müň ýyllap bor magdany bilen üpjün edip biler" diýendigini habar berýär. Bor maddasy gelejegiň energiýa çeşmeleriniň biri hökmünde hasaplanýar. 



Degişli Habarlar