Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1822205
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Ankara bilen Ýerewanyň arasyndaky möhüm duşuşyk” söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Ermenistanyň Gatnaşyklaryň kadalaşmagy boýunça ýörite Wekilleri İlçi Serdar Kylyç bilen Ermenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbarasy Ruben Rubinýanyň arasyndaky üçünji duşuşygyň Wenada geçirilendigini ýazýar.

Star” gazeti “Türkiýeden kömek soradylar: Maripoly halas ediň” söz başyly habarynda, Germaniýada ýaşaýan ukrainleriň Türkiýeden kömek sorandygyny, Türkiýäniň Berlin şäherindäki İlçihanasynyň öňünde jemlenleşen ýüzden gowrak ukrainalynyň türk dilinde “Türkiýe Mariupoly halas et” diýip şygar aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Geçen ýyl 2 milliard dollarlyk gämi eksport etdi” söz başyly habarynda, Ýalowa welaýatynyň Altynowa etabyndaky “SANMAR” gämi gurluşyk werfine baryp gören Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň ulanmaga berilen süýrägleri synagdan geçirendigini ýazýar. Türk deňizçilik pudagynyň soňky ýyllarda ýokary depginde ösýändigini aýdan Warank; “Türkiýe diňe bir geçen ýylyň özünde 2 milliard dollarlyk gämi eksport etdi” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bodruma taryhynyň iň uly ýolagçy gämisi geldi” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna taryhynyň iň uly ýolagçy gämisiniň gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Italian baýdakly uzynly 323 metre, agramy 135 tonna barabar bolan “Costa Wenezia” atly gämide ýokary amatlykly 2,116 otag, 1,254 ýolagçy we 1078 gullukçy bar. Esasy bölegi nemes, italian we rus raýaty bolan syýahatçylar Bodrumy gezip, deňi taýy bolmadyk aýlaglara baryp gördi.

“Hürriýet” gazeti “Belgiýanyň tokaýlaryny türk terminatory gorar” söz başyly habarynda, Belgiýanyň Antwerp we Limburg welaýatlarynyň ýurtdaky tokaýlaryň esasy duşmany arça bitine garşy göreş üçin Türkiýeden goldaw sorandygyny ýazýar. Şol maksada laýyklykda Türkiýeden “terminator mör-möjek” hökmünde bilinýän “Calosoma Sykophanta” görnüşli 100 sany gurjugyň import edilendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar