Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1767796
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Ömer Çeligiň Russýa-Ukraina düşnüşmezligi hakyndaky analizi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň Orunbasary Ömer Çeligiň düýn beren beýanatynda, Prezident R.T.Erdoganyň Russiýa we Ukraina meselesinde beren ýüzlenmeleriniň dünýä güýçli seslenme döredendigini aýdandygyny ýazýar. Çelik: “Ençeme gatlak meseläniň bir tarapyna garaýan bolsa, ýeke-täk Türkiýe meseläniň iki tarapynda, ýagny hem Ukraina tarapyna hem Russiýa tarapynda oňyn çemeleşilen ýüzlenmeleri we ygtyýary orta goýýar” diýdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Kojadan umyt beren “Omikron” beýanaty” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň düýn beren beýanatynda; “Omikron” warianty pandemiýanyň ortadan aýrylmagynyň umydyna öwrülip biler. Ylmy barlaglaryň netijelerine görä samjymlanan adamlar “Omikron” ýoluksalara hem hassalygy ýeňillik bilen geçirýär hem-de immunitet ulgamy güýçlenýär. Sanjymyňyzy etdirip, ertir üçin umytly boluň. Pandemiýa gün tertibinden aýrylar” diýen sözlerini çap edýär.

“Satar” gazeti “Biz em ýurdumyzyň hem Türkiýäniň bähbitleriniň goragçysy” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri we Milli Jebislik partiýasynyň Başlygy Faiz Sujuoglunyň düýn beren beýanatynda “Biz türk milletiniň günortadaky bölegini emele getirýäris. Ýagny Ortaýer deňizindäki sagjysy. Mawy watanyn ortasynda hem DKTR-nyň hem-de Türkiýäniň bähbitleriniň goragçysy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Teslanyň Türkiýe göçümi” söz başyly habarynda, elektrik togy bilen işleýän ulag öndürýän “Tesla” firmasynyň Türkiýede açan “Tesla hereketlendirijileri” atly firma bilen bagly möhüm göçümler edendigini mälim edýär. Firmanyň başlyklygyna ilki Lufthansada Türkiýe we Yrak boýunça ýolbaşçy wezipesinde işlän Kemal Göçer bellendi. Firma konstruktiw gurluşyny gysga möhletde tamamlap, “Model X”, “Model Ý”, “Model 3” we “Model S” atly 4 modelini ýylyň dowamynda satuwa çykarar.

“Haber Türk” gazeti “Nebit önümçiliginde rekord” söz başyly habarynda, Türkiýäniň çig nebit önümçiliginiň 2021-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 12,7 göterim ýokarlap, 40 million tonnadan geçendigini we ähli döwürleriň rekordunyň goýulandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar