Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler
Watan gazedi: "Erdogan: Turkowak sanjymynyň saýasynda özümizi has arkaýyn duýarys" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda, dünýäniň koronawirus epidemiýasynyň täze tolkunynyň astynda kyn günleri başyndan geçirýändigini belläp: "Saglygy goraýyş ulgamymyz gerek bolan islendik zerurlygy üpjün etjek güýje eýedir. Turkowak sanjymymyz bilen özümizi indi has hem arkaýyn duýarys. Türkiýe ýakyn wagtda nesip bolsa bu ugurda möhüm bir merkez ýagdaýyna öwrüler" diýendigini habar berýär.
Ýeni Şafak gazedi: "Prezident Erdogan Ukraina gider" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň: "Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmak üçin her dürli roly eýelemäge taýardyr. Muny hem Russiýanyň hem Ukrainanyň dosty hem-de NATO hyzmatdaşy hökmünde ýerine ýetireris. Öňümizdäki birnäçe hepdäniň içinde Prezident Erdogan Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý bilen duşuşyk geçirmek maksady bilen Ukraina sapar gurar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Hürriýet gazedi: "Şentop Gündogar Ortaýer deňizi bilen bagly beýanat berdi" söz başyly habarynda, TBMM-niň başlygy Mustafa Şentopyň, Gündogar Ortaýer deňizi turba geçiriji taslamasy (EastMed) barada: "Biz iň başyndna bäri bu taslamanyň ol ýagdaýy bilen ykdysady bolmandygyny pikir edýärdik. Diňe Türkiýä duşmançylyk etmek nokadyndan hereket edip, syýasy maksatlar bilen olar ýaly taslamanyň amala aşyrylyp bilinmejekdigini biz iň başyndna bäri aýdýardyk" diýendigini mälim edýär.
Star gazedi: "Gollandiýa Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen baglanşykly Gollandiýanyň NRC gazedinde berilen analizde Baýraktar TB2 üçin dünýäniň iň gowusy hökmünde häsýetlendirilendigini beýan edýär. Analizde gollandiýaly hünärmen Steýn Mitseriň "Baýraktar TB2 operasiýa taýdan dünýäniň iň gowusy" diýip aýdan sözleri paýlaşyldy.
Sabah gazdi: "Dünýäniň futbol ýyldyzlaryndan geçdi" söz başyly habarynda, Football Wonderkids tarapyndan taýarlanan sanawa görä Ýewropa ligalarynda iň köp pas beren futbolçylaryň belli bolandygyny aýan edýär. Türkiýeden Ýunus Akgün sanawa adyny ýazmagy başardy we sanawda ençeme ýyldyz futbolçydan öňe geçdi.