Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1764873
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Türkiýeden halkara jemgyýete Bosniýa-Gersegowina bilen bagly çagyryş" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Serbiýanyň Bosniýa-Gersegowinanyň garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine berýän goldawynyň Balkanlaryň parahatçylygy we durnuklylygy taýdan örän möhümdigini aýdandygyny habar berýär. Bosniýa-Gersegowinanyň territorial bütewiligine zyýan ýetjek ädimlerden gaça durmak barada çagyryş beren Erdogan: "Bosniýa-Gersegowinadaky krizisiň hötdesinden gelinmegi üçin halkara jemgyýetiň bilelikde hereket etmeginiň zerurlygy äşgärdir" diýip beýan etdi. 

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Söweşi syýasy taryhdan bozup aýyrmagymyz gerek" söz başyly habarynda, Russiýanyň Ukrainany basyp almagyny hakykata laýyk çemeleşme hökmünde görmeýändigini aýdan Prezident Erdoganyň: "Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen hem bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmagymyz gerek. Sebäbi sebitler indi söweşi kabul etmez. Bular dogry hem bolmaz. Söweşi syýasy taryhdan bozup aýyrmagymyz gerek" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "Erdogan: Nebit parahatçylygyň enjamy bolsa ulanarys" söz başyly habarynda, Gündogar Ortaýer deňizinde Ysraýyl bilen edilmegi ähtimal hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçen Prezident Erdoganyň: "Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog Türkiýä sapar gurap biler. Biz syýasatçylar parahatçylyk üçin bardyrys. Nebit parahatçylygyň enjamy bolsa ulanarys. Ol girdeji al-girdeji al esasyna görä bolsa elimizden gelenini ederis" diýendigini mälim edýär. 

Hürriýet gazedi: "Türkiýäniň ykdysadyýetindäki ösüş 10 göterimden gowrak bolar" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Ykdysady Koordinasiýa Geňeşiniň, maslahatdan soň beýanat berendigini aýan edýär. Beýanatda: "2021-nji ýylyň soňky çärýegi bilen baglanşykly görkezijiler ösüşiň dowam edýändiginiň alamaty hökmünde görülýär. Şol sebäpli 2021-nji ýylyň Jemi içerki önüminiň 10 göterimden gowrak bolmagyna garaşylýar" diýip habar berildi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýäniň Oýun pudagy 2022-nji ýyla çalt depginler bilen girdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň 500-den gowrak stýudiýasy bilen mobil oýuny oýlap tapmakda dünýäniň öňbaşçy ýurtlarynyň arasyndadygyny beýan edýär. 255 million dollarlyk täze maýa goýum almagy başaran Türk mobil oýun kärhanasy "Dream Game" 2,75 milliard dollar gymmadyna ýetip dünýäniň iň gymmatly mobil oýun kärhanalarynyň biri boldy. "Spyke Games" bolsa 55 million dollar derejesinde maýa goýum almagy başardy. 



Degişli Habarlar