Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1761851
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Hüržet” köpçülikleýin öndürilmäge başlanar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyok etmeginde geçirilen Goranyş senagatynyň Ýerine ýetiriji toparynyň maslahatynda Türk ýaragly güýçleriniň we howpsuzlyk edaralarynyň ulanýan ýerli hem-de milli ulgamlarynyň üstüne täzelerini goşmak hakynda pikir alyşylandygyny ýazýar. Geljek ýyl ilkinji uçuşyny amala aşyrjak tälim we ýeňil hüjüm uçary “Hüržet” üçin bolsa birinji tapgyr köpçülikleýin önümçilige geçmek hakynda karar kabul edildi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde deňagramlyklary özgertdi” söz başyly habarynda, Gresiýanyň Gündogar Ortaýer deňizini energiýa çeşmeleri arkaly durnuksyzlaşdyrmaga gönükdirilen syýasatlarynyň Türkiýäniň ygrarly pozisiýasy netijesinde puja çykýandygyna ünsleri çekýär. ABŞ Türkiýäniň ünsden düşürilmäge synanşylýan “EastMed” turba geçiriji talamasyndan goldawyny çekdi. Fransiýanyň “Total” we Amerikanyň “ExxonMobil” firmalarynyň hem Kryt adasynyň ýalpaklarynda seismiki barlaglaryny bes edendigi ýüze çykdy.

“Watan” gazeti “Saglygy goraýyş ministri Koja “Turkowak” sanjymyndan ynam bilen peýdalanyň” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň koronawirusa garşy öndürilen we ähli tapgyr synaglaryny üstünlik bilen geçip, ulanylmagyna rugsat berilen ýerli “Turkowak” sanjymynyň Hytaýyň “Sinowak” sanjymyndan has netijelidigini beýan edip; “Türkowak” sanjymymyzdan ynam bilen peýdalanyň. Bu meselede hiç kim ikirjiňlenmesin” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Harby gämilerini çalyşmak hakynda karara gelen Marokko Türkiýe bilen ylalaşdy” söz başyly habarynda, Marokkonyň metbugaty, Marokkonyň Şalygyna degişli deňiz flotunyň 7 sany ýokary tizlikli hüjüm gämisini we bir sany korwet almak üçin Türkiýe bilen ylalaşandygyny ýazýar. Degişli gepleşikleriň 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlandygyny ýazan metbugat organlary, ylalaşygyň jemi 222 million dollara barabardygyny mälim etdiler.

“Sabah” gazeti “Türk howaýollary ýewropada liderligi elden bermedi” söz başyly habarynda, “Kowid-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsirleri global firmalara 2021-nji ýylda agyr zarba uran bolsa, ençeme howa ýoly firmalary ýapylmaly boldy. Emma Türk howaýollary ähli kynçylyklara garamazdan ösüş depginini dowam etdirdi we Ýewropada liderligi eldeb bermedi” diýip ýazýar.



Degişli Habarlar