Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1758662
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti Türkiýe Gazagystan meselesinde töwellaçy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň başda durmagynda Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň liderleri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Gazagystandaky soňky wakalar hakynda pikir alyşandygyny ýazýar. Gazagystanda täze hökümetiň gysga möhletde gurulmagy we dartgynlygyň ortadan aýrylmagyny arzuw eden Erdogan, gazak halkynyň özara ynanyşmagyň hem-de dialogyň çäginde meseleleri çözjekdigine ynanýandygyny beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Milli söweşiji uçar 2023-nji ýylda hangardan çykar” söz başyly  habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň milli uçar boýunça buşlukly habary berendigini mälim edýar. Erdogan “Milli söweşiji uçarymyzy 2023-nji ýylda hangardan çykaryp, bütin dünýä görkezeris. Esasy güýjümiz 2025-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrar, 2029-njy ýylda bolsa gök asmandaky orununy eýelär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe uçarmansyz howa ulaglary öndürmekde birinji üçlükde” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ösýän ýerli howa goranyş ulgamlarynda häzirlikçe “HİSAR-y” öndürendiklerini ýakyn gelejekde “SİPER-i” we beýleki ulgamlary ulanmaga berjekdiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär. Erdogan Türkiýäniň UHU öndürmekde indi dünýäde birinji üçlükde durýandygyny beýan etdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Ysraýyl hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrligi İýerusalimiň şäher häkimliginiň Sebitleýin meýilleşdiriş we gurluşyk toparynyň basylyp alynan Gündogar Iýerusalimde 3,557 ýaşaýyş zolagyny öz içine alýan 5 ilatly zolagyň guruluş meýilnamasyny tassyklamagyny ýazgarandygyny ýazýar. Ministrlikden berilen beýannamada Palestinanyň basylyp alynan ýerlerinde Ysraýyl tarapyndan gurulýan ilatly zolaklaryň BMG-niň kararlaryna bap gelmeýändigini ýatladylýar.

“Ýeni Şafak” gazeti 78 welaýat eksportuny artdyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 225 milliard dollara barabar bolan 2021-nji ýyldaky eksport üstünliginde “Anadoly Gaplaňlary” atlandyrylýan şäherleriň uly goşandygynyň bardygyny mälim edýar. Şol çäkde 78 welaýat eksportuny artdyrdy. 48 welaýat bolsa ýyllyk eksportda rekord goýdy. 16 şäher eksportuny 50 göterimden gowrak artdyrdy.



Degişli Habarlar