Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1748845
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdogan Elon Mask bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň “Tesla” we “SpajaX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Elon Mask bilen wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirendigini ýazýar. Erdogan Mask bilen geçiren duşuşygynda elektrik togy bilen işleýän awtonom ulaglar, digital ykdysadyýet, uzak möhletli maýa goýumlar we bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürjek başlangyçlar hakynda pikir alyşdy.

“Star” gazeti “Türkiýe Afrikada pozisiýasyny güýçlendirýär” söz başyly habarynda, Fransiýanyň aýlyk ykdysadyýet žurnaly “Kapital” Türkiýäniň öndüruän ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna Afrika ýurtlarynda uly isleg bildirilýändigini ýazandygyny mälim edýär. Žurnalyň habarynda Türkiýäniň Prezident R.T.Rrdogan bilen Afrikadaky pozisiýasynyň güýçlenendigini, türk ÝUHU-laryna Afrika ýurtlarda uly isleg bildirilýändigine üns çekilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Azerbaýjan bilen Ermenistan demir ýollary boýunça ylalaşdy” sös başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň geçiren duşuşygynda ylalaşylan Azerbaýjandan başlap Ermenistandan geçip, Nahiçewana çenli gelip ýetýän demir ýolunyň möhüm başlangyçlaryň başyny başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. Demir ýoly bilen Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ermenistanyň arasyndaky sebitleýin söwda gatnaşygy öser. Ýoluň strategik ähmiýetli Zengezur koridorundan geçmegi ykdysady taýdan uly ýeňillikler döreder.

“Watan” gazeti “Türk firmasynyň Bakuwdaky ägirt uly maýa goýumy” söz başyly habarynda, “Demirören Holding” firmasynyň Azerbaýjanda derman öndürýän fabrik açjakdygyny ýazýar. Goýulan strategik maýa goýumy 500 adamy iş bilen üpjün eder. saglygy goraýyş pudagynda derman üpjünçiligine uly goşant goşjak maýa goýum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlar bilen pudak boýunça hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň eksportdaky maksady 2025-nji ýylda 300 milliard dollar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Eksportçular Mejlisiniň Başlygy İsmail Gülläniň 2026-njy ýyl üçin kesgitlenen 300 milliard dollarlyk eksport maksadyny 1 ýyl öňe süýşürendiklerini beýan edip, koronawirus pandemiýasy bilen birlikde global üpjünçilik ulgamynda täze bir tapgyryň başlandygyny we türk eksport pudagynyň ondan ýerlikli peýdalanmagyň hötdesinden gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.



Degişli Habarlar