Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1693719
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet gazeti “Erdoganyň Taliban bilen aragatnaşyk hakyndak ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdogan göni ýaýlymda Owganystandaky soňky wakalar hakynda beýanat berendigini ýazýar. Erdogan: “Degişli guramalarymyz birnäçe wagtdan bäri Taliban bilen aragatnaşyk saklaýar. Biz hem Talibanyň ýolbaşçylaryny ykrar etjekdigimizi aýdypdyk. Owgan halkynyň asudalygy, ýurdumyzyň bähbitleriniň goralmagy taýdan biz şeýle hyzmatdaşlyga taýar. Talibanyň ýolbaşçylarynyň parasatly we ünsli beýanatlary bizi kanagatlandyrýar” diýdi.

“Watan” gazeti “Akar: Owganystanda esgerlerimiziň howpsuzlygy boýunça ähli çäreleri gördük” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Owganystandaky wakalar hakynda: “Esgerlerimiziň howpsuzlygy üçin ähli çäreleri gördük we ol dowam edýär. Esgerlerimize howply wehimleriň salynmagyna ýol bermeris” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türk ýaragly güýçleri “Uçýan galany” ugratdy” söz başyly habarynda, Talibanyň Kabulda gözegçiligi ele geçirmeginden soň Türkiýä gelmek üçin ýüz tutan 200-den gowrak türk raýatyny alyp gaýdan Türk harby howa güýçlerine degişli “uçýan gala” atlandyrylýan A400 M kysymly ýük uçarynyň Kabulda uçandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Liwiýa çürt kesik beýan etdi: Türkiýe bilen ylalaşygymyzy bozmarys” söz başyly habarynda, Liwiýa bilen Türkiýäniň arasynda gol çekişilen ylalaşygyň bes edilmegi hakynda çagyryşlar sebäpli beýannama beren Liwiýanyň Ýokary döwlet geňeşiniň başlygy Halid Al Mişriniň “Ylalaşygyň bozulmagy hakynda islegi kabul etmeýäris we ýazgarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Nemesler we ruslar güýzde-de Türkiýä gelerler” söz başyly habarynda, nemes we rus syýahatçylarynyň güýz aýlaryny Türkiýede geçirjekdigini ýazýar. Sentýabr aýynda kenarýaka etraplardaky myhmanhanalaryň 80 göterim doludygyny, islegiň oktýabr aýynda-da dowam etmegine garaşylýandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar