Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1681384
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdogan: Maksat 500 million dollara ýetmek” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Angolanyň Prezidenti Žoau Manuel Gonsalweş Laurenço bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň iňňän pesdigini beýan edip; “Häzirki wagtda söwda mukdarymyz 176 million dollar. Ol iki güýçli ýurt üçin iňňän az. İlkinci tapgyrda 500 million dollara ýetmek üçin ylalaşdyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Amerikanyň “Forbes” žurnaly: Türkiýe ÝUHU boýunça eksport bazaryny döredýär” söz başyly habarynda, dünýä metbugatynyň Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglary boýunça eýe bolan üstünligi hakda ýazmaga dowam edýändigine ünsleri çekýär. Amerikanyň “Forbes” žurnaly uçarmansyz howa ulaglarynda Türkiýänin uly eksport bazaryny emele getirendigini ýazdy. Habarda ÝUHU-nyň NATO agza ýurtlarda we Ýewropa döwletlerinde müşderi tapýandygy beýan edilýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe Eýran serhedinde işe girişdi” söz başyly habarynda, Wan welaýatynyň gubernatory Mehmet Emin Bilmeziň bosgun akymynyň artmagy sebäpli Türkiýe-Eýran serhedinin howpsuzlygynyň üpcün edilmegi, bikanun geçişler bilen kontrabandanyň öňüniň alynmagy we terrorçylaryň geçmeginin önüniň alynmagy üçin 295 kilometrlik serhet zolagyna diwar çekilcekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň ilkinci “ýylgyrma” belgisi sergilenýär” söz başyly habarynda, Gaziantep welaýatynyň Siriýa serhedindäki Karakamyş etrabynda ýerleşýän taryhy şäherde 4 ýyl ozal üstünde “ýylgyrma” belgisi bolan suw matarasynyň tapylandygyny mälim edýär. 3,700 ýyllyk suw matarasynyň üstündäki ýylgyrma belgisinin dünýäniň ilkinci belgisidigi beýan edilýär. Gaziantebiň Arheologiýa muzeýinde sergilenýän matarany 1 aýda 10 müň adam gelip gördi.

“Sabah” gazeti “Antalýa 9 günde ýarym milliondan gowrak syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Antalýa 17-25-nci iýul aralygynda Russiýadan 200,356, Germaniýadan 76,152, Ukrainadan 68,663, Polşadan 28,898 we Gazagystandan 15,917 syýahatçynyň gelendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar