Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1680707
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe täze bosgun tolkunyny kabul etmez” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Tanžu Bilgijiň Awstriýanyň Federal Kansleri Sebastian Kurzuň owgan bosgunlar üçin Türkiýäniň amatly ýerdigini beýan etmegi hakynda: “Türkiýe sebitden gelip çykýan köpçülikleýin bosgun meseleleriniň netijesini kabul etmez we täze bir bosgun tolkunyny öz üstüne almaz” diýendigini ýazýar. Bilgiç Awstriýanyň halkara borçlaryna we ÝB-niň kadalaryna laýyklykda owgan bosgunlara hem halkara hemaýatyny bermelidigini beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýe Tunisiň halkyny goldaýar” söz başyly habarynda, dünýä ýurtlary we demokratiýa hemaýatkärlik edýän döwletler Tunisde demokratiýa edilen basyşa dymmak bilen, ýene-de bir gezek iki standartlylygyny görkezendigine ünsleri çekýär. Türkiýe bolsa Tunisiň Mejlisiniň ygtyýarynyň bes edilmegi hakyndaky habaryň gelip gowşan pursadyndan başlap agdarlyşyk synanşygyny ýazgardy we Tunisin halkyny goldaýandygyny beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “TRT-niň dokumental filmi rekord goýýar” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasynyň garaňky mährem gurluşyny 2016-njy ýylyn 15-nji iýulyndaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna barýan tapgyry gürrüň berýän “Mährem” atly dokumental filmin TRT 1 ýaýlymynda tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirilendigini ýazýar. Jemi 10 bölümden ybarat bolan “Mähremiň” ilkinji bölümleri tomaşaçy sany taýdan rekord goýdy.

“Haber Türk” gazeti “Ykdysadyýete bolan ynam 9 ýylyň iň ýokary çäginde” söz başyly habarynda, önümçilik, eksport islegleri, iş üpjünçilgi we durnukly maýa goýumlar ýaly esasy böleklerden ybarat bolan Real gatlagyn ynam indeksiniň iýul aýynda 1,8 bal ýokarlap, 114,8 göterime deň bolandygyny mälim edýär. ol hem 9 ýylyň iň ýokary çägi.

“Watan” gazeti “Sabiha Gökçen howa menzilinde iki günde uly rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menziliniň täze bir rekord goýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. howa menzilinden 24-nji iýul şenbe güni 106,463, 25-nji iýul ýekşenbe güni bolsa 110,420 ýolagçy gatnadyldy.



Degişli Habarlar