Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1676210
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “15-nji Iýulda meýdanlar ýene-de doldy” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň 5-nji ýylynda, şol gije Prezident R. T. Erdoganyň çagyryşy bilen meýdanlara çykan halkyň düýn hem ýurduň çar tarapynda şehitlerini hatyralandygyny hem-de huntaçylara garşy gazanan ýeňişini gutlandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti, “15-nji Iýul Demokratiýa muzeýi açyldy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, Prezidentiň kompleksiniň ýanynda gurlan, 15-nji İýul Demokratiýa muzeýini dabaraly ýagdaýda açandygyny habar berýär. Muzeýde FETÖ terror guramasynyň hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygy özboluşly ses we wizual efektler bilen gürrüň berler.

“Haber Türk”” gazeti “Milli jebislik güýjüniň simwoly” söz başyly habarynda, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda jebisligiň we bitewiligiň simwoly bolan azanyň, agdarlyşyk synanşygynyň 5-nji ýylynda Türkiýe wagty bilen 00.13-de 81 welaýatdaky 90 müň metjitde şol bir wagtda okalandygyny nygtaýar.

“Star” gazeti, “Dünýäniň iň tanymal meýdanyndan ýüzlenme: Türkiýe Ýol Bermez” söz başyly habarynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Taýmes meýdanynda, 15-nji Iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününiň çäginde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyna garşy türk halkynyň görkezen garşylygyny gürrüň berýän wizual şouda “Türkiýe Ýol Bermez” diýlip ýazylandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar