Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1674498
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň ykdysdy ösüş hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda: “2021-nji ýylda ýetjek ykdysady ösüş mukdarymyz bilen dünýänin beýgelýän ykdysadyýetidigimizi subut ederis. Beýik we güýçli Türkiýäniň gurulmagy üçin ykdysadyýetde-de ynamly ädimler bilen öňe barýarys. İndi Türkiýe syýasy we ykdysady taýdan dünýäniň iň ýokary ligasyna gadam basýar” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe sebitde güýçlenýär” söz başyly habarynda, “ÝB bilen Günbatar Balkanlaryň we Türkiýäniň Arasynda Ykdysdy hem-de Maliýe Dialogy” maslahatynda maliýe syýasatlary boýunça güýçli hyzmatdaşlyk ýüzlenmesiniň berilendigini ýazýar. ÝB Geňeşi tarapyndan çap edilen jemleýji jarnamada, maslahatyň Günbatar Balkanlary we Türkiýäni ÝB-ne agzalyk üçin taýarlamagy maksat edinýändigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Goranyş senagatynyň ägirtleriniň” sanawyna 2 türk firmasy goşuldy” söz başyly habarynda, dünýäniň iň bir abraýly goranyş senagaty sanawy kabul edilýän “Defens Nýus Top 100” sanawyna şu ýyl 2 türk firmasynyň girendigini ýazýar. Sanawda ASELSAN 48-nji, TUSAŞ bolsa 68-nji orny eýeledi.

“Haber Türk” gazeti “Russiýadan Antalýa iki hepdelik möhletde 307,417 syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, dünýäniň esasy syýahatçylyk destinasiýalaryndan biri bolan Antalýanyň iki hepdede 1095 uçuş bilen gelen 307,417 rus syýahatçysyny kabul edendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Daşary ýurtlylara ýaşaýyş jaý satuwynda rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Türkiýede ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 44 göterim ýokarlap, 20,488-e ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar