Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1638801
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Prezident Erdogan: Yslam duşmançylygy wirusy esasan hem Ýewropada tiz depginler bilen ýaýraýar" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yslam duşmançylygyn wirusynyň esasan hem Ýewropa ýurtlarynda tiz depginler bilen ýaýraýandygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "BMG-de eýýäm ençeme ýyl bäri belläp geçýän Dünýä 5-den uludyr çagyryşymyzyň dogrudygyna ählimiz bilelikden şaýat boldyk. Hemişe adam hukuklary bilen bagly beýanat berýänler, milliardlarça adamyň sanjyma elýeterliligi babatynda gyllaryny hem gymyldadanoklar. Rasizm, diskriminasiýa, bosgun duşmançylygy şol sosial keselleriň birnäçesidir" diýdi. Prezident Erdogan: "Koronawirus ýaly howply bolan Yslam duşmançylygy wirusy esasan hem Ýewropa ýurtlarynda tiz depginler bilen ýaýraýar. 6 milliony türk bolan 35 million musulmanyň ýaşaýan Ýewropa şu günki gün doganlarymyz üçin barha açyk tussaghana öwrülip barýar" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy Türkiýäniň tagallasy bilen ýygnandy" söz başyly habarynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Wekiller komitediniň maslahatynyň Türkiýäniň tagallasy bilen 11-nji maýda geçirilendigini mälim edýär. Maslahatyň ahyrynda Ysraýylyň guraýan hüjümleri ýazgaryldy. Halkara goragyň üpjün edilmegi we Ysraýylyň eden jenaýatlaryna jogap bermegi barada çagyryş berildi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Palestinanyň Türkiýäniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigine ýene-de bir gezek şaýat boldyk" söz başyly habarynda, Iýerusalimi goramak wekiliýetiniň başlygy Nasyr Al Hidminiň: "Palestinanyň Türkiýäniň ileri tutýan ugurlarynyň biridigine ýene-de bir gezek şaýat boldyk" diýendigini beýan edýär. Türkiýäniň bu babatda halkara derejede hemişe öňde bolandygyny aýdan Hidmi: "Türkiýä we Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirýärin" diýendigini beýan edýär. 

Watan gazedi: "Bir tapgyrda şol bir bada 12 raketa" söz başyly habarynda, Prezidentiň Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň: "BMC tarapyndan öndürilen Wuran ulagyna integrasiýa edilen 107 millimetrlik Köp nilli raketa atyjy ulgam atyş synagynda nyşanalary üstünlik ýagdaýda ýok etdi. Bir tapgyryň özünde 12 raketany şol bir bada atýan Köp nilli raketa atyjy ulgamly Wuran Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň garamagynda" diýendigini belleýär.

Hürriýet gazedi: "Ýaşaýyş jaý satuwlary aprel aýynda 124 göterim artdy" söz başyly habarynda, Türkiýede aprel aýynda 95 müň 863 ýaşaýyş jaýynyň satylandygyny aýan edýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende satyşlar 124 göterim artdy. Daşary ýurtly raýatlara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany bolsa 416,1 göterim artyp 4 müň 77 jaýa ýetdi. 


Etiketkalar: #habar , #Türkiýe , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar