Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetlerde ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1638389
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Çawuşogly: BMG-ny gyssagly maslahata çagyrdyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Ysraýylyň Aksa metjidine we Gaza guraýan hüjümleri bilen baglanşykly, BMG-nyň Baş Assambleýasyny gyssagly maslahata çagyrandyklaryny aýdandygyny habar berýär. Mewlüt Çawuşogly: "Hemişe şular ýaly ýazgarýarys, emma ummat ädim etmegimize garaşýar. Mundan beýläk bular ýaly hüjümleriň bes edilmegi gerek. Halkara hukugyň çäginde palestinalylaryň hukuklaryny goramagymyz gerek. Iki döwletly çözgüt tapgyryndan ýüz öwürmeli däldiris" diýip belledi.

Sabah gazedi: "Palestinadan Türkiýä minnetdarlyk" söz başyly habarynda, Palestinanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Dr. Faed Mustafanyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we türk halkynyň Ysraýylyň zulumuna garşy hemişe pozisiýasyny orta goýandygyny aýdandygyny mälim edýär. Türkiýäniň hemişe Palestinanyň halkynyň umydy bolandygyny aýdan Mustafa: "Palestinanyň döwletiniň adyndan, Iýerusalim şäherine we Aka metjidine goldaw bermek maksady bilen meýdanlara çykan, goldaw beren Türkiýäniň halkyna we Prezident Erdogana doganlyk pozisiýasy üçin salamymy we takdyrymy ýetirýärin" diýip nygtady. 

Haber Türk gazedi: "Instagram gollanmasynyň Ysraýyl senzorasyna reaksiýa" söz başyly hbarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, Instagram gollanmasynyň Baýkar kärhanasynyň Tehniki işlerden jogapkär ýolbaşçysy Selçuk Baýraktaryň Aksa metjidinde ýangyn bolan mahaly şatlanýan jöhitleriň wideosyny senzorlamgy bilen baglanşykly: "Ýigrenji ynanç ýagdaýyna getirenler, ybadathana ýanýan mahaly şatlanýarlar. Sosial media bu ýigrenje garşy göreş alyp barýanlary senzorlaýar. Ýigrenç aksiýalaryna garşy göreşimiz dowam eder" diýendigini habar berýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "TRT Worldyň habarçysynyň Ak Tamyň metbugat sekretaryny çüňke gaban Palestina soragy" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýsyň, TRT World kanalynyň Ak Tamdaky habarçysy Ýunus Paksoýyň Palestina bilen baglanşykly soragyna näme diýip jogap berjegini bilmändigini aýan etdi. Birnäçe wagtlap söz tapmaga synanyşan Praýs, köp sanda asuda ilatyň ýogalmagyna sebäp bolan Ysraýylyň hüjümlerini gönüden ýazgarmakdan saklandy. 

Hürriýet gazedi: "Beştepeden 5 tankydy ýüzlenme" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň, Hürriýet gazedine beren beýanatynda şu ýüzlenmeler öňe çykdy: ABŞ-e F-35 harby uçarlar bilen bagly teklibimizi ýaňadandan berýäris. Russiýadan satyn alan S-400 howa goranyş ulgamlary bilen baglanşykly meseläni gepleşikler arkaly çözüp bileris. Liwiýa bilen gazanylan ylalaşyklar güýjüni gorap saklaýar. Dünýä Ysraýylyň zulumyna dur diýmeli. Siriýada Başar Asad bilen hiç bir ýagdaýda gepleşikler geçirmeris. Ýewropa Bileleşigi babatynda top dolulygyna olaryň meýdançasynda. 



Degişli Habarlar