Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1635776
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Çawuşoglunyň “Müsür” hakyndaky beýannamasy: Dowam eder” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Türkiýe bilen Müsüriň wekiliýetleriniň Kairde geçiren geňeşmeleriniň oňyn geçendigini hem-de özüniň Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen ozalam aragatnaşyk saklaýandyklaryny nygtap; “Geljekki tapgyrda gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin ediljek başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklar dowam eder” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe halkara jemgyýetçiligine Ysraýyl boýunça çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Ysraýylyň Günbatar Şeriadaky we İýerusalimdäki bikanun ýaşaýyş zolaklaryny giňeltmek üçin alyp barýan tagallasyna garşy haklara jemgyýetçiligini reaksiýa bildirmäge çagyrandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýäniň sanjymy BSGG-nyň sanawyna goşuldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ylmy we tehniki barlaglar guramasynyň Başlygy professor Hasan Mandalyň türk alymlarynyň koronawirusa garşy üstünde işleýän döwrebap inaktiw sanjymynyň hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sanawyna goşulandygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Wirusa meňzeş öýjüklerden öndürilýän sanjym hem BSGG-nyň sanawyna goşulypdy.

“Sabah” gazeti “Türk goranyş we awiasiýa pudagynyň eksportunda ABŞ birinji orunda” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýylyň 4 aýynda 1 milliard dollara barabar goranyş we awiasiýa senagaty enjamy eksport edilen bolsa, satuwda birinji orny 386,1 million dollar bilen ABŞ-nyň eýeleýändigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ukrainadan son rus wekiliýeti hem Türkiýä geler” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alparslanyň geçen hepde Türkiýede saparda bolan ukrain wekiliýetiniň Howpsyz syýahatçylyk şahadatnamasy maksatnamasyna kangatlanma bildirendigini nygtap: “Russiýa boýunça hem şeýle taýarlyklarymyz bar. Rus wekiliýeti Oraza baýramyndan öň Türkiýä geler” diýen sözlerini çap edýär.



Degişli Habarlar