Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1634172
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Türk esgerleri barylmasyz diýilýän ýerde” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK garşy geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynda türk goşuny Kandiliň we onuň ýaranlarynyň “barylmasyz” diýýän hem-de sebitde strategik ähmiýetli Zendura depesine desant getirendigini ýazýar. Terrorçylar wagtal-tagtal şol depeden Türkiýe serhedinde ýerleşýän bazalara geçmäge synanşýardy.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň Liwiýadaky pozisiýasy möhüm” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Türkiýäniň Liwiýa bilen deňiz ygtyýar ylalaşygyna laýyklykda Gündogar Ortaýer deňizindäki barlagyny dowam etdirýändigini beýan edip: “Gresiýanyň şol ylalaşygy ortadan aýyrma synanşygy netijesiz tagalla” diýendigine ünsleri çekýär. Ministr Akar Türkiýäniň Liwiýadaky pozisiýasynyň Ortaýer deňizindäki hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy taýdan iňnän möhümdigini nygtady.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýäniň eksportçy mukdary artýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksport performansynda pudakda iş alyp barýan kärhanalaryň sanynyň artmagynyň uly goşandynyň bardygyny mälim edýär. Aprel aýynda 2,444 firma ilkinji eksportlaryny amala aşyrdy. Ýylyň birinji çärýeginde 6,788 firma jemi 345 million dollarlyk eksport etdi. Eksportuň soňky aýlarda goýan rekordlarynda eksporta täze başlan firmalaryň uly goşandy bar.

“Star” gazeti “Azerbaýjan türk ÝUHU-lary bilen nyşanalary ýeke-ýekeden ýok etdi” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň goşunlarynyň türk önümi “Baýraktar” ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen türgenleşik geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň ýaýradan wideo ýazgylarynda “Baýraktar” ýaragly  uçarmansyz howa ulaglarynyň hangardan çykarylyşy, howa menziline getirilişi, hünärmenler tarapyndan gözegçilik hem-de ýangyç dolduryş işleriniň ýerine ýetirilişiniň görkezilýändigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türk howaýyllary pandemiýa garamazdan ösdi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň koronawirus pandemiýasyna garamazdan dünýänin awiakompaniýalarynyň zyýan çeken döwründe ýylyň birinji çärýeginde girdejisini artdyrandygyna ünsleri çekýär. Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy İlker Aýjy: “Gök asmanda güýjümizi artdyrmaga dowam ederis” diýdi. Ýylyň üç aýynda Lufthansa 1 milliard ýewro, Swiss Air bolsa 350 million dollar zyýan çekendigini beýan edipdi.



Degişli Habarlar