Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1624628
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Habertürk” gazeti “AK partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelikden möhüm beýanat” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Gresiýanyň bosgunlara garşy alyp barýan tutumyny tankyt edendigini ýazýar.

Ömer Çelik “Gresiýanyň kenarýaka howpsyzlyk gýüçleri bosgunlaryň üstüne benzin döküp ýakmaga we uly gyrgynçylyk etmäge çalyşdylar. Serp gassaplaryň edişi ýaly, Ruandada bolşy ýaly. Eger gahrymanlarymyz ol ýerde bolmadyk bolsady Ortaýer deňizi şol ynsanlaryň mazary bolardy. Siz demokratiýaňyzy ilki Ortaýer deňiziniň suwlaryndan halas ediň, şondan soň gepleşeliň” diýdi.

“Star” gazeti, “Türk ýaragly güýçleri üçin taýarlandy, dünýä geň galdy” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleri üçin taýarlanan we 15 minutda gurulýan balistiki goragly gözegçilik we konteýner bazasynyň NATO-nyň türgenleşiginde ünsleri özüne çekendigini we ýokary baha alandygyny nygtaýar.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Rus syýahatçylar Türkiýede dynç almak isleýär” söz başyly habarynda, Russiýanyň Gezelenç operatorlary bileleşiginiň başlygy Maýa Lomidzeniň, Russiýadan uçuşlaryň saklanandygy sebäpli aprel we maý aýlarynda Türkiýede dynç alyp bilmejek rus syýahatçylaryň esasy böleginiň ugruny üýtgetmändigi we Türkiýä gelmek üçin amatly pursada garaşýandyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Futbol Federasyýasy: Ýewropanyň Ýokary ligasynyň başlangyjy asla kabul edilmesiz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Futbol Federasyýasynyň käbir Ýewropa komandalary tarapyndan döredilendigi yglan edilen Ýewropanyň Ýokary ligasy taslamasyna alada bildirýändigini ýazýar.

Türkiýäniň Futbol Federasyýasy tarapyndan berlen beýannamada “Bütindünýäniň futbolynyň gelejegi taýdan howply bolan bu başlangyjy kabul etmeýäris”diýildi



Degişli Habarlar