Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1623772
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “1915-nji ýylda başdan geçirilen wakalar hakynda halkara konferensiýa” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň 1915-nji ýylda başdan geçirlen taryhy wakalary ähli taraplaýyn hukuky taýdan gürrüň berilmegi maksady bilen ertir onlaýn halkara konferensiýa geçirjekdigini ýazýar.

“Star” gazeti “Ministr Warank, WLP sanjymynda dünýäde öňde barýas” söz başyly habarynda, WLP(wirusa meňzeş bölejiklere esaslanýan” ýerli sanjymyň ynsanlardaky birinji tapgyr synaglarynyň çäginde meýletin ýagdaýda sanjym etdiren Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, sanjymda haýsydyr bir oňaýsyz ýagdaýyň başdan geçirilmändigini nygtap “Sanjym taýarlamak boýunça infstrukturamyz diýseň güýçli. WLP sanjymynda hem dünýäde öňde barýas” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada liderligini dowam etdirdi” söz başyly habarynda, Ýewropa howa gatnawy gullugynyň uçar saparlary hakyndaky habarnamasyna görä, Stambul howa menziliniň 14-nji aprelde guralan 604 uçar sapary bilen Ýewropa howa menzilleriniň arasynda birinji orny eýeledigine ünsi çekýär

 “Ýeni Şafak” gazeti “Birleşen Arap Emirliklerinden Bodruma we Trabzona uçar sapary” söz başyly habarynda, Birleşen Arap Emirlikleriniň FlyDubai howa ýollarynyň Trabzona we Bodruma uçar saparlaryny guramaga başlajakdygyny habar berýär.

FlyDubai howa ýollary Trabzona hepdede 3, Bodruma hem hepdede 2 sapar gurar.



Degişli Habarlar