Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1588878
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Siriýualy bosgunlara eýe çykýan ýeke-täk döwlet Türkiýe” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň İzmirde geçirilen Halkara Migrasiýa Maslahatynda sözlän sözünde: “ÝB, Gresiýa 100 müň bosgun üçin 3 milliard ýewro goldaw berýän bolsa, Türkiýedäki 4 million bosgun üçin jogapkärçilik almady. Ýewropa baran onlarça müň siriýaly çaganyň nirededigi, kimler tarapyndan ogurlanandygy bilinmeýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly: Dünýä PKK-nyň gyrgynçylygyna ýene-de synçy bolup galdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň 46-nji maslahatynda sözlän sözünde ekstremist terror guramasy PKK-nyň Yragyň Gara etrabynda 13 raýatymyzy şehit etmegine dünýäniň ýene-de synçy bolup galandygyny aýdandygyny ýazýar. Çawuşogly: “Halkara arkalaşyk bolmasa we bar bolan iki strandartlylyklar bilen bu howp ortadan aýrylmaz” diýdi.

“Watan” gazeti “ABŞ-nyň taryhy boýun almasy: ÝPG meselesinde ýalňyşdyk” söz başyly habarynda, Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä goldaw bermegi sebäpli reaksiýa bildirilen ABŞ-nyň ýalňyşyny boýun alandygyna ünsleri çekýär. ABŞ-nyň Ýewropadaky güýçlerinin ozalky serkerdesi korpus generaly Ben Gongesiň: “Türkiýe bilen gatnaşyklar kadalaşmaly. Türkiýe ýaly hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklara agyr zarba uran PKK/ÝPG bilen işleşmegi ileri tutýan taktiki kararlar seljerilmeli” diýendigini mälim edýär.

“Star” gazeti “Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň taryhy ýalňyşy” söz başyly habarynda, Prof.Dr.Hüseýin Yşyksalyň Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň çözgüt däl, eýsem egilşik isleýändigini aýdandygyny ýazýar. Gazet Türkiýäniň Kiprde egilşik etmegine garaşýan taraplaryň uly ýalňyşlyk edýändigini nygtan Yşyksalyň: “Ýewropa ýurtlarynyň Gündogar Ortaýer deňizindäki esasy we strategik güýçlerden biri bolan Türkiýä garşy durmajakdygyny iru-giç düşünmeli bolan grek tarapyna geljekde has agyr günler garaşýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýänin altyn önümçiligi rekorda barýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň altyn önümçiliginiň artýandygyny, Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň sosial media hasabyndan Türkiýäniň altyn önümçiliginiň soňky bäş ýylynyň görkezijilerine görä ýurtda 2016-njy ýylda 24,5 tonna, 2017-nji ýylda 22,5 tonna, 2019-njy ýylda 38 ýonna, 2020-njy ýylda bolsa 42 tonna barabar bolandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar