Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1568145
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň dil hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň 2019-2020-nji ýyllaryň Ýörite baýraklarynyň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde: “Diline eýe çykmaýan, dilini baýlaşdyrmaýan milletler kökleri guran agaçlar ýaly ösen ýeliň öňünde ýykylmaga mejburdyr” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gyzylaýyň İdlibdäki gowulyk öýleri taýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýadaky hüjümlerden gaçyp, İdlibe göçen we ol ýerde agyr şertlerde ýaşaýanlar üçin gurýan öýleriniň tamamlanyp barýandygyny mälim edýär. Gazet Türk gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Şarmada etrabynyň Mashat Ruhin etrapçasynda gurulýan 1228 öýden 748 sanysynyň ulanmaga taýar edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türksat 5A meýilleşdirlişi ýaly uçýar” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň Türksat 5A hemrasynyň ulgam synaglarynyň üstünlikli geçirilendigini nygtap: “4 aýa barabar dowam etjek orbita ýokarlandyryş manýowrlary we emeli hemradaky operasiýalar meýilleşdirlişi ýaly dowam edýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Şol ýurtlar BIP-e uly isleg bildirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli aragatnaşyk platformasy BIP-in daşary ýurtlardaky täze ulanyjy sanynyň 8 miliona barabar bolandygyna ünsleri çekýär. Gollanma marketlerinde iň köp isleg bildirilenleriň hatarynda gysga möhletde ýokarky hatarlara çykan BIP-in Bahreýnde, Bangladeşde, Katarda, Pakistanda, Saud Arabystanynda we Omanda ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, Google Plaý Storde birinji orny eýeländigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýede öndürildi, dünýäniň çar tarapynda agyzlary süýjetdi” söz başyly habarynda, Türkiýänin hoşboý ysly ot eksportunyň 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlap, 201,7 million dolara deň bolandygyny mälim edýär. Hoşboý ysly otlaryň eksportunda birinji orny 29,7 million dollar bilen ABŞ eýeledi.



Degişli Habarlar