Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme dördýär.

1533151
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Hürriýet” gazeti “12 sagat dowam eden garakçylyk” söz başyly habarynda, Halkara hukugyna äsgermeçilik eden nemes deňizçileriň Liwiýa azyk alyp barýan türk gämisi “Roseline A-ny” duruzup, barlandygyny ýazýar. Gazet gämide ynsanperwer kömeginden başga zat tapmadyk nemesleriň 16 sagat soň gämiden gidendigini, operasiýany ýazgaran Türkiýäniň ÝB-ne, Italiýa we Germaniýa nota berendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türk gämisinde bikanun barlag asla kabul edilmez” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Hami Aksoýyň ÝB-niň Liwiýanyň kanuny hökümetine, Türkiýä we NATO geňeşmän Ortaýer deňizinde başladan “Irini” operasiýasynyň tarapsyzlygynyň jedelligini beýan edendigine ünsleri çekýär. Habarda Aksoýyň şeýle bolandygyna garamazdan Türkiýeden Liwiýa ýük gatnadýan gämilere bolan iki standartly we bikanun çemeleşmäniň asla kabul edilmezidigini aýdandygy nygtalýar.

“Haber Türk” gazeti “Liwiýada üstün çykan Türkiýe boldy” söz başyly habarynda, amerikaly bilermen Jason Pakyň Liwiýadaky söweşiň howadaky böleginiň strategik taýdan dolulygyna daşary ýurtlar tarapyndan alynyp barylýandygyny, emma söweşde Türkiýäniň üstün çykandygyny aýdandygyny mälim edýär. Gazet bikanun güýçleriň lideri Halyf Haftaryň we Liwiýanyň milli goşunlarynyň Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň goldaw bermeginde söweş başladandygyny aýdan Pakyň, ýylyň başyndan bäri Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary ýaly täze harby tehnologiýalarynyň öňünde ýeňilendigini nygtandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Gök asmanyň täze hojaýynlary Türk ÝUHU-lary” söz başyly habarynda, Ispaniýanyň köp tiražly gazetlerinden “El Paisde” Türkiýäniň uçarmansyz howa ulaglary hakda öwgüli sözleriň çap edilendigini ýazýar. Habarda gazetiň “Gök asmanyň täze hojaýynlary” häsýetlendiren türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň söweşde ulanylýan beýleki howa ulaglaryna görä düşýän gymmaty we netijeliligi taýdan has gowudygyny belläp, “Derbi dagyn eden nyşanalary ýazga alýandyklary üçin şol bir wagtda güýçli propoganda öwrülýärler. Duşmanyň keýpini gaçyrmakda iňňän netijeli” diýip ýazandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “Gyşky syýahatçylykda Türkiýe öňe saýlanýar” söz başyly habarynda, şu ýyl Alp daglaryna gidip bilmeýän rus we ukrain syýahatçylaryň ugruny Türkiýä gönükdirendigini, myhmanhanalara bolan islegiň 80 göterime çenli ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar