Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlar bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1515824
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdoganyň F-35 we S-400 reaksiýasy: ABŞ kimiň bilen tans edýänini bilmeýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn partiýasynyň Malatýadaky nobatdaky 7-nji welaýat maslahatynda özi hakda sosial mediada habarnama ýaýradan gollandiýaly aşa sagjy Gert Wilderse “Öte geçme, kimiň bilen ýoldaşlyk edýäniňi bilýäňmi? Faşizm biziň kitabymyzda ýok, siziň kitabyňyzda bar” diýendigini ýazýar. Erdogan ABŞ-dan berilen F-35 we S-400 bilen bagly beýannamalara hem reaksiýa bildirip: “F-35 üçin başlangyç etdik, hemle atdyňyz. “S-400-i Russiýa yzyna ugradyň” diýdiňiz. Biz oýnatgy döwlet däl. Biz Türkiýä sanksiýa goýarys diýýärler. Sanksiýaň näme bolsa giç galma. ABŞ kim bilen oýnaýanyny bilmeýär” diýdi.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly: Indi dur diýmediň wagty geldi” söz başyly habarynda, Daşary işer ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Gollandiýada aşa sagçy Azatlyk partiýasynyň Başlygy Gert Wilderse berk reaksiýa bildirip, “Hakykatlary ýüzlerini aýdan badymyza Ýewropanyň gowşak rasistleri ýene özüni görkezdiler. Yslam we daşary ýurt duşmançylygyndan bähbit araýarlar. Ýewropanyň faşist düşünjeli lälik syýasatçylaryna indi dur diýmegiň wagty geldi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ýewropadaky gelşiksiz diskurslara Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň: “Ýewropanyň musulmanlara garşy duşmançylygy we olary terbiýeleme synanşyklary barha ýaýbaňlanýan yslam, Türkiýe we R.T.Erdogan duşmançylygyndan tapawutsyz” diýen sözlerine orun berýär. Gazet Altunyň Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Ýewropalylaryň düşünmeli zady bar. Biz musulmanlar, siz bizi islemeýäniňiz üçin hiç ýere gitmeris. Bizi kemsideniňizde görmediksiremeris. Özümizi we bize degişli bolan ähli zady soňuna çenli, ähli kynçylyklara garamazdan gorarys” diýip ýazandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Hulusi Akar Pakistandan Ermenistana ýüzlendi” söz başyly habarynda, Türkiýe tarapyndan Pakistana eksport edilen Milli gämi korwetleriniň üçünjisiniň düýn Milli goranmak ministri Hulusi Akar we pakistanyň Goranyş önümçiligi ministri Zubaida Žalal Hanyň gatnaşmagyndaky dabara bilen gowşurylandygyny aýan edýär. Habarda ministr Akaryň dabarada sözlan sözünde: “Harby we gumanitar jenaýat edýän Ermenistan, edýän jenaýatlarynyň hasabyny Azerbaýjanyň goşunlarynyň öňünde berişi ýaly, taryhyň we halkara hukugyň öňünde-de hökman berer” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar: Güýjümizi Türkiýeden alýarys” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň düýn beren beýannamasynda: “Güýjümizi Türkiýeden alýarys. Türkiýe bilen utgaşykly işleşmek bizi güýçlendirýär. Esasanda soňky döwürde uglewodorod känleriniň tapylmagy bilen birlikde olaryň bölüşilmeginde we ýurduň geljegi üçin nähili möhümdigine bolan ynam bilen elmydama Türkiýe Respublikasy bilen bilelikde hereket edilmeli” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar