Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1491588
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýe täze Nawteks yglan etdi" söz başyly habarynda, Türkiýe yglan eden täze Nawteksinde, 1923-nji ýylda baglaşylan Lozan parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde Gresiýanyň Hios adasynyň harby bolmadyk statusynyň bozulandygyny yglan edendigini habar berýär. Gresiýa 1960-nji ýyldan bäri harby statusy bolmadyk adalary ýaraglandyrýar we Türkiýäniň milli howpsuzlygyna howp emele getirýär. Türkiýe adalaryň ýaragsyzlandyrylmagy üçin Gresiýanyň hökümetine çagyryş berýär. Türkiýe mundan başgada ýene-de bir Nawteks yglan edip, Ortaýer deňizinde iş alyp barýan Ýawuz buraw gämisiniň iş möhlediniň 12-nji oktýabra çenli uzadylandygyny aýan etdi. 

Star gazedi: "Çawuşogly: Gresiýa Ýewropa Bileleşiginiň kör goldawyna daýanmasyn" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkiýäniň Gresiýa bilen Gündogar Ortaýer deňizi bilen baglanşykly meseleler barada gepleşikler geçirmäge taýardygyny belläp: "Gresiýanyň täze hökümetiniň oňyn jogap berjekdigine ynanýaryn. Bu nokatda Gresiýa Türkiýe bilen dialogdan gaçyp, ÝB-nyň kör goldawyna daýanmagynyň, meseleleriň çözgüdine iň uly päsgelçilik döredip biljekdigi barada duýduryş bermek isleýärin"diýendigini mälim edýär. 

Watan gazedi: "ÝB: Türkiýe Bilen Tersleşmek Meseleleri Çözmez" söz başyly habarynda, Ýewropa Parlamendiniň Baş Geňeşinde Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizjnde alyp barýan buraw işleriniň ara alynyp maslahatlaşylandygyny beýan edýär.  ÝB-niň Daşary gatnaşyklardan we howpsyzlyk syýasatyndan jogapkär Ýolbaşçysy Žozef Borrel Türkiýe bilen tersleşmegiň ÝB bilen Türkiýäniň arasyndaky düşnüşmezliklere çözgüt getirmejekdigini, meseleleriň gepleşikler we dialog arkaly çözüljekdigini aýtdy.

Hürriýet gazedi: "Türkiýe 2021-nji ýylda iň çalt dikelen ýurtlaryň arasynda bolar" söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, koronawirus epidemiýasynyň global ykdysadyýete ýaramaz täsirleriniň dowam edýän döwründe Türkiýäniň dünýäniň ençeme ýurduna garanyňda has gowy şertlere eýedigini we oňyn tapawutlanmanyň dowam edýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Pekjan: "Şu ýylyň ahyryndan başlap, esasan hem 2021-nji ýylda daşary ýurt bazarlarymyzdaky şertleriň has hem gowulaşmaga başlamagy bilen iň täsirli we çalt dikelen ýurtlaryň arasynda boljakdygymyzy çak edýäris" diýip belledi. 

Sabah gazedi: "Türkiýe dünýäde ilkinji 3-lükde" söz başyly habarynda, Türkiýäniň senagat önümçiliginiň ýyllyk görkezijilere görä 4,4 göterimlik artyşy bilen Irlandiýa, Norwegiýa we Hytaý ýaly ýurtlardan soň 4-nji orunda, aýlyk görkezijilere görä bolsa 8,4 göterimlik artyşy bilen Portugaliýa we Ispaniýa ýaly ýurtlardan soň 3-nji oruna mynasyp bolandygyna ünsleri çekýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar