Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1488118
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň bolmadyk islendik meýilnama şowsuzlyga duçar bolar" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň, Türkiýäniň Gresiýa bilen Gündogar Ortaýer deňizindäki düşünişmezçilikleri konstruktiw ýagdaýda diplomatiýa arkaly çözmek üçin tagalla edýändigini aýdandygyny habar berýär. Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň bolmadyk islendik meýilnamanyň şowsuzlyga duçar boljakdygyny aýdan Oktaý: "Oruç Reis seýsmik gämimiz ozaldan kesgitlenen meýilnamanyň çäginde işlerini dowam etdirýär. Uglewodorod gözleg işleri şu günki güne çenli öz suw giňişligimizde we halkara hukuga laýyk ýagdaýda adalatlylyk ýörelgesiniň çäginde amala aşyryldy, mundan soň hem şolar ýaly dowam eder" diýip beýan etdi. 

Watan gazedi: "Ministr Akar nemes kärdeşi bilen Gündogar Ortaýer deňiz bilen bagly meseleleri maslahatlaşdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Germaniýanyň Goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Telefon söhbetdeşliginde Gündogar Ortaýer deňizindäki hadysalar başda bolmak bilen ikitaraplaýyn we sebitleýin meseleler barada pikir alyşyldy. 

Sabah gazedi: "Ministr Çawuşoglyndan nemes kärdeşine: Rasizmiň we daşary ýurt duşmançylygynyň hötdesinden diňe bilelikde we tutanýerlilik bilen gelip bileris" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, 2000-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde öldürilen Enwer Şimşekiň ýogalan gününiň 20-nji ýylynda, kärdeşi Haýko Maasyň Twitterden paýlaşan beýanatyna: "Haýko, duýgurlygyňyzy takdyr edýäris, emma 20 ýylda bu meselede öňe gidişlik edilmändigi hem bir hakykatdyr. Rasizmiň we daşary ýurt duşmançylygynyň hötdesinden diňe bilelikde we tutanýerlilik bilen gelip bileris" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet gazedi: "Türkiýe 2021-nji ýylda 5 göterimden gowrak ösüş edip biler" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, koronawirus epidemiýasynyň tizligine degişlilikde Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2021-nji ýylda 5 göterimden gowrak ösüş edip biljekdigini aýdandygyny beýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türksat 5A ýylyň ahyryna çenli älem giňişligine uçurylar" söz başyly habarynda, Türksat 5A emeli hemrasynyň, şu ýylyň ahyryna çenli älem giňişligine uçuryljakdygyny aýan edýär. Türksat 5A emeli hemrasy, Türkiýäniň aktiw emeli hemrasyndaky 4-nji aragatnaşyk enjamy bolar. 


Etiketkalar: #Watan , #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar