Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1472829
Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň “Gündogar Ortaýer Deňizi” Boýunça Duýduryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Adalat we ösüş partiýasynyň Welaýat ýolbaşçylarynyň maslahatynda Gündogar Ortaýer deňizindäki dartgynlyk hakynda “Barlag we gözleg giňişligimiz bize degişli kontinental şiftimiziň çäginde, arkaýyn boluň. Hiç kimiň hakynda gözümiziň ýok. Öz hakymyzam iýdirmeris” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe anyk beýan etdi: Hiç kimiň şek-şübhesi bolmasyn” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Azerbaýjanda beren beýannamasynda: “Şuny aç-açan beýan etmek isleýäeris. Geçen ýyllarda Hojalyda bütin dünýäniň gözüniň öňünde gyrgynçylyk eden, Ýokary Garabagy hukuky we legal esassyz basyp alan Ermenistana garşy ähli mümkinçiliklerimiz bilen Azerbaýjanyň, azerbaýjanly egindeşlerimiziň ýanynda durarys. Azerbaýjan ýeke däldir” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Pekjan: “Liwiýa bilen gatnaşyklarymyz taýdan iňnän möhüm resminama gol çekişdik” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda türk firmalarynyň Liwiýada iş ýüzüne geçirýän taslamalary boýunça ýüze çykýan kynçylyklaryň çözülmegi we tamamlanman halan potratçylyk taslamalarynyň dowam etdirilmegi maksady bilen ylalaşyga çek çekişilendigini. Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň: “Türkiýe bilen Liwiýanyň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklarymyz taýdan iňňän möhüm resminama gol çekişdik” diýendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Şu robot gyzgyny ölçeýär, dizinfektan sepýär, maska berýär” söz başyly habarynda, Ordu welaýatynda ýerleşýäň Dr. M. Hilmi Güler Ylym we Sungat Merkezinde işleýän 6 mugallymyň koronawirusa garşy görülýän çäreleriň çäginde gyzgyn ölçeýän, dizinfektan sepýän we maska berýän robot öndürendigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Türlkiýäniň üçegi demirgazyk ýarym şar we çöl klimatyny bilelikde başdan geçirýär” söz başyly habarynda, ýurduň deňiz derejesinde iň belent nokady bolandygy sebäpli “Türkiýäniň içegi” atlandyrylýan Agry dagynda tas çöl we demirgazyk ýarym şar şertleriniň şol bir wagtda başdan geçirilýändigine ünsleri çekýär. Habarda häzirki wagtda dagyň eteklerinde çöl klimaty başdan geçirilýän bolsa, her müň metrde howanyň tempraturasy üýtgäp, bahar we güýz pasyllaryny ýada salýandygy nygtalýar.

 



Degişli Habarlar