Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1471349
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Gündogar Ortaýer meselesinde maslahat geçirilmegini islýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň haýyşty boýunça Gresiýa sebäpli möwjän dartgynlygy gowşatmak üçin tagalla edýändigine garamazdan resmi Afynynyň Müsür bilen gol çekişen soňky ylalaşygynyň dartgynlygy ýaňadandan artdyrandygyny ýazýar. Gazet Erdoganyň şu hepde Merkel bilen telefon arkaly söhbertdeşlik geçirjekdigini mälim edip, Ortaýer deňizinde energiýa serişdeleriniň adalatly bölüşilmegi üçin taryhy maslahat geçirilmegini gün tertibine getirjekdigine ünsleri çekýär.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşogly: “Gündogar ortaýer deňizinde egilşik etmeris” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizinde ýagşy niýetliligiň alamaty hökmünde käbir žestler edendigini, emma Gresiýanyň ýerliksiz başlangyçlary sebäpli Türkiýäniň gämilerini ýaňadandan sebite ugradandygyny aýdandygyny ýazýar. Habarda Türkiýäniň ygrarlydygyny beýan eden Çawuşoglynyň: “Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprde hem Türkiýäniň hem-de kiprli türkleriň hukuklaryny gorarys. Ýetilen sepgitde hiç kim bize ýagşy niýetli çemeleşmediňiz diýip bilmez. Şeýlelikde Gresiýa günäkärlener” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe ähli çäreleri gördi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Türkiýäniň Kipr bilen bilelikde Mawy Watandaky hukuklaryny, gatnaşyklaryny we bähbitlerini goramakda egilşiksiz, ygrarly we ygtyýarlydygyna ünsi çekip, Gündogar Ortaýer deňizinde Türkiýäniň we DKTR-nyň degişli bolmadyk taslamalarynyň iş ýüzüne geçme ähtimallygynyň ýokdugyny, sebitde mekirlik we hilegärlik bilen ediljek haýsydyr bir başlangyja ýol berilmejekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ýeke däl, Pakistanda gün tertibinde Türkiýä bolan söýgi bar” söz başyly habarynda,  Türkiýe Ortaýer deňizindäki hukuklaryny goraýarka Pakistanyň goldaw berilendigini, ýurtda açylan iňlis dilinde “Türkiýe ýeke däl” manysyny aňladýan “Turkeýisnotalone” haştagyna onlarça müň goldaw twitiniň gelip gowşandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe Ermenistana reaksiýa bildirdi: Akylly boluň” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň 100 ýyl soň Sewr şertnamasyny gün tertibine getiren Ermenistana reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Gazet Ermenistanyň hüjümçi, milletparaz syýasatlardan el çekip, akyllanmaly wagtynyň gelendigine üns çekilýän beýannamada; “Şu günki günde öz halkyna seretmäge güýji ýetmeýän hökümet 100 ýyl soň türk milletiniň “ýyrtyp taşlan” Sewr şertnamasyny gün tertibine getirmäge synanşmak boş işler bilen güýmenmeklikdir” diýilýändigini habar berýär.



Degişli Habarlar