Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1470715
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Prezident Erdogandan Ortaýer deňizi bilen bagly çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda soňky döwürde dartgynlyklara sebäp bolan Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde taryhy çagyryş berendigini habar berýär. Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki düşnüşmezlikleriň gepleşikler arkaly we adalatlylyk esasynda çözülmegi üçin elmydama taýardygyny beýan eden Erdogan: “Türkiýäniň hiç kimiň legal hakynda, ýerinde, deňizinde gözi ýok” diýdi. Türkiýäni kenarlaryna gabamak synanşygyna razy bolmajakdyklaryny beýan eden Erdogan: “Biz, geliň Ortaýer deňizinde ähli ýurtlaryň wekilleri jemlenşsin. Ähli taraplaryň hukuklaryna hemaýat edýän çykalga tapalyň diýýäris” diýdi. Erdogan: “Bu meselede parasatlylyk höküm sürýänçä Türkiýe ýerinde we diplomatiýada öz maksatnamalaryny iş ýüzüne geçirmäge dowam eder” diýdi.

Sabah gazedi: “Dartgynlygy artdyrýan tarap Gresiýa” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň, Ortaýer deňizinde dartgynlygy artdyran tarapyň Türkiýe däl, eýsem Gresiýadygyny aýdandygyny mälim edýär. Aksoý: “Asyrlaryň dowamynda Türkiýäniň häkimiýeti astynda bolan Ortaýer deňizinden ýurdumyzy hiç kim uzaklaşdyryp bilmez. Ortaýer deňiziniň ýeke täk eýesi men diýen düşünje bilen hereket edenler lapykeçlige ugrar” diýip belledi.

Haber Türk gazedi: “Türkiýä täze Nawteks yglan etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Oruç Reis gämisniň seýsmiki işlerini geçirjek zolagy üçin 23-nji awgusta çenli dowam etjek täze Nawteks ýagny Deňizçilere duýduryş yglan edendigini beyan edýär. Oruç Reis gämisi, Ataman we Çingiz Han gämileri bilen birlikde Gündogar Ortaýer deňizinde Kipriň suw giňişliginde ozal yglan edilen zolaklarda seýsmik işlerini geçirer. Oruç Reis seýsmiki gözleg gämisi kontitental şift we tebigy baýlyklarynyň gözleg işleriniň başda durmagynda geologiki we geofiziki gözleg işlerini geçirer.

Star gazedi: “Türkiýe sebitde eden-etdilige rugsat bermedi, Ermenistanyň meýilnamasy puja çykdy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde geçiren harby türgenleşikleriniň bütin dünýäde uly seslenme döredendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň bilelikde geçirýän harby türgenleşikleri we umuman alynanda Umumy türgenleşikler, sebitde 1990-njy ýyllaryň başynda bolşy ýaly halkara hukuga ters hereketlere, eden-etdiliklere rugsat berilmejekdigini, ýurtlaryň territorial bütewilik başda bolmak bilen halkara hukugyň esasy ýörelgeleriniň goraljakdygyny, şol sebäpli parahatçylygyň we asudalygyň güwäçisidigini görkezdi.

Watan gazedi: “Ýerli Kovid-19 sanjymynyň önümçiligi oktýabr aýynda meýilleşdirilýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji Kovid-19 sanjymynyň taýardygyny habar berýär. Türkiýede koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym oýlap tapmak işlerini alyp barýan Ankara uniwersitediniň Lukmançylyk fakultediniň işgäri Prof.Dr. Hakan Akbulut: “8-nji iýulda haýwanlaryň üstünde geçiren synaglarymyz üstünlikli ýagdaýda tamamlandy” diýip belledi. Prof.Dr. Akbulut, oktýabr aýynda ilkinji sanjymyň önümçiliginiň meýilleşdirilýändigini aýan etdi.


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #Türkiýe , #gazet

Degişli Habarlar