Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1470012
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Kovid-19 Türkiýe Platformasy 8 tapawutly sanjym we 10 tapawutly derman taslamasynyň üstünde işleýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Kojaeli welaýatynyň Gebze etrabyndaky TÜBITAK-yň Öňde baryjy merkezleriniň açylyş dabarasynda: "Beýik we güýçli Türkiýe maksadymyza tarap tutanýerli ýagdaýda barýarys" diýendigini habar berýär. Rejep Taýýip Erdogan, TÜBITAK-yň ýolbaşçylygynda emele getirilen Kovid-19 Türkiýe platformasynyň 8 tapawutly sanjym we 10 tapawutly derman taslamasynyň üstünde işleýändigini belläp: "Hususy pudak, uniwersitet we döwlet hyzmatdaşlgy bilen Kovid-19-a garşy sanjym we derman oýlap tapmak taslamalarymyzda uly öňe gidişlikler etdik" diýip belledi. "Sanjym taslamalarymyzda 2 dalaşgär sanjymymyz haýwanlaryň üstündäki synaglardan üstünlikli ýagdaýda geçdi" diýip habar beren Erdogan: "Hatda şolaryň biri geňeş tarapyndan makullanyp adamlaryň üstünde synaglar geçirmek tapgyryna gelindi" diýip aýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Akardan beýanat" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, düýn Yrak serhedinde beren beýanatynda, Penje operasiýalarynyň çäginde şu günki güne çenli 83 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny mälim edýär. Akar operasiýalarda köp mukdarda ýarag we ok-däriniň ele salynandygyny aýan etdi. 

Watan gazedi: "Ministr Warank aýan etdi: Dünýäde ilkinji gezek biz oýlap tapdyk" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň düýn Kojaeli welaýatynyň Gebze etrabyndaky TÜBITAK-yň Öňde baryjy merkezleriniň açylyş dabarasynda, TÜBITAK-yň saýasynda şu günki güne çenli möhüm işleri amala aşyrandyklaryny belläp: "Salmonella tiz anyklaýyş komplektini dünýäde ilkinji gezek biz oýlap tapdyk, patendini aldyk. Hytaý bize ýüz tutdy, ýurdumyzdan tehnologiýa göçürmesi bilen bu önümi almak isleýär" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Haber Türk: "AKAMIB-dan 7 aýda 368 million dollar eksport" söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi Mebel, kagyz we tokaý önümleri eksportçylar bileleşigi AKAMIB-iň ýylyň ilkinji 7 aýynda 368 million dollarlyk eksport ýerine ýetirendigini mälim edýär. AKAMIB-iň Dolanşyk geňeşiniň başlygy Onur Kylyçer: "Iýul aýynda Fransiýa eksportymyz 100 göterime golaý artdy, Germaniýa eksportymyz 60 göterim derejesinde artdy. Amerika bolan eksportymyz bolsa 68 göterim artdy" diýip habar berdi. 

Star gazedi: "Aýhanjan Güwen Britaniýada ýeňiş gazandy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli awtomobil ýaryşa gatnaşyjysy Aýhanjan Güweniň, Britaniýada geçirilen Porsche Super kubogynda 1-nji oruna mynasyp bolandygyny beýan edýär. Türkiýe Spordyň Awtomobil görnüşleri federasiýasy tarapyndan berilen beýanata görä, Ýaşlar we sport ministrligi bilen Sport Totonyň gatnaşmagynda ýaryşan milli türgen, möwsümiň 5-nji bäsleşiginde ýeňiş gazanmagy başardy. 



Degişli Habarlar