Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1468076
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Türkiýe Beýrut pajygasy üçin işe girişdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde bolan partlama sebäpli lukmançylyk enjamlaryny we gözleg we halas ediş toparyny ugradandygyny habar berýär. Saglygy goraýyş ministrligi, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD we Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan taýarlanan düzüminde lukmançylyk kömek we gözleg we halas ediş topar bolan ýük uçary bilen Beýruda ugradyldy. 

Watan gazedi: "Ministr Warank: Kanal Stambul strategik howpsuzlyk meselesi" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, Twitterden beren beýanatynda: "Ählimizi gam-gussa bogan partlama sebäp bolan 2750 tonnalyk ammoniý nitrady, 6 ýyl ozal Beýruda barýarka Bosfor bogazyndan geçdi. Hormatly Prezidentimiziň üstünde durup geçen Kanal Stambul taslamasy ýönekeý bir mesele däl, Tükriýe üçin strategik howpsuzlyk meselesi" diýendigini mälim edýär. 

Haber Türk gazedi: "Şentop Fransiýa we ABŞ-e reaksiýa bildirdi" söz başyly habarynda, TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentopyň, Dünýäde adam hukuklaryndan, adalatdan, hukukdan, nähaklykdan, söz aýdyp biljek iň soňky döwletiň Fransiýadygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şentop: "Soňky 200 ýylyň taryhy, Fransiýanyň ýüzündäki gara tegmili süpürmeginiň mümkin bolmandygyny görkezýär" diýip belledi. Şentop, ABŞ-ly nebit kärhanasy bilen ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň arasyndaky ylalaşyk bilen baglanşykly bolsa: "Siriýanyň ähli baýlyklary Siriýanyň halkynyňkydyr" diýip nygtady. 

Star gazedi: "Türkiýeden Wenesuela lukmançylyk pudagy boýunça kömek" söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Wenesuelanyň arasynda lukmançylyk ugrunda grantyň berilmegi bilen bagly ylalaşygyň Resmi gazetde çap edilendigini aýan edýär. Ankarada 11-nji iýunda gol çekişilen şertnama laýyklykda Türkiýe Wenesuela, 25 sany dem alyş enjam, 100 müň sany operasiýa maskasy, 50 müň sany N95 görnüşli maska, 35 müň sany kombinezon, 200 müň sany ellik we 40 müň sany koronawirus anyklaýyş testini ugratdy. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ortaýer deňiziniň we Egeý deňiziniň kenarlaryny nemes syýahatçylaryň doldurmagyna garaşylýar" söz başyly habarynda, Germaniýanyň Türkiýäniň Ortaýer we Egeý deňiziniň kenarlarynda ýerleşýän Aýdyn, Antalýa, Izmir we Mugla welaýatlaryna garşy ozal girizen syýahatçylyk duýduryşyny aýyrmagynyň, myhmanhanalaryň wekillerini şatlandyrandygyny habar berýär. Myhmanhanalaryň Hünärmen ýolbaşçylary jemgyýetiniň başlygy Ülkaý Atmaja, karardan soň nemes syýahatçylara garaşýandyklaryny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Erdogan , #Liwan , #Beýrut , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar