Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1467248
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Prezident Erdogan: Hemişe Liwanyň ýanynda bolarys" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Liwanda bolan partlama bilen baglanşykly özüniň şahsy Arap dilindäki sosial media hasabyndan beýanat berendigini habar berýär. Erdogan: "Türkiýe hökmünde hemişe Liwanyň we liwanly doganlarymyzyň ýanynda bolarys" diýip belledi. 

Star gazedi: "Fransiýanyň gazedi: Prezident Erdogan Ortaýer deňiziniň kartasyny täzeden çyzdy" söz başyly habarynda, Fransiýanyň Le Figaro gazediniň Prezident Erdogany, Fatih Soltan Mehmede meňzedip habar çap edendigini mälim edýär. Habarda Erdoganyň Liwiýanyň Premýer ministri Faýez Al-Saradž bilen Ortaýer deňiziniň kartasyny ýaňadandan çyzandygy nygtalýar. Habarda Liwiýanyň Premýer ministri Faýez Al-Saradžyň Günbatarly hyzmatdaşlarynyň özüni ýalňyz goýmagyndan soň Türkiýe bilen ylalaşmaga mejbur galandygy beýan edilýär. 

Sabah gazedi: "Türkiýe Kovid-19 sanjymlarynda adamlaryň üstündäki synaglara başlaýar" söz başyly habarynda, Täze görnüş koronawirus epidemiýasynda ýerli sanjymlar we dermanlar bilen bagly işleriň arakesmesiz ýagdaýa dowam etdirilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. TÜBITAK sanjym bilen bagly işleri boýunça haýwanlaryň üstünde geçirýän synaglaryndan oňyn netijeler aldy. Adamlaryň üstündäki synaglar bolsa ýakyn wagtda başlar. 

Watan gazedi: "Türkiýäniň ykdysadyýeti Kovid-19-a garamazdan ösýär" söz başyly habarynda, Ýewropa Bileleşiginiň ykdysadyýetiniň ýylyň 2-nji çärýeginde 11,9 göterim, ABŞ-nyň ykdysadyýeti bolsa 32,9 göterim kiçelen bolsa, Türkiýäniň ykdysadyýeti ösüş etmäge dowam edýändigini habar berýär. Türkiýäniň iýul aýyndaky eksporty, iýun aýyna garanyňda 11,5 göterimlik artyş bilen, 15 milliard 12 million dollara ýetdi. Eksport Kovid-19 epidemiýasyndan ozalky derejä ýetip, 2020-nji ýylyň iň ýokary görkezijilerine eýe boldy. 

Haber Türk gazedi: "Ministr Albaýrak: Ähli eksportçylarymyzy gutlaýarys" söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň, Twitter hasabyndan iýul aýyndaky eksport görkezijileri barada beýanat berendigini mälim edýär. Türkiýäniň iýul aýynda 15 milliard dollarlyk eksporta ýetendigini aýdan Berat Albaýrak: "Bu 2020-nji ýylyň iň ýokary görkezijisi boldy. Ähli eksportçylarymyzy gutlaýarys" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #gazet , #Erdogan , #metbugat , #Liwan , #Liwiýa

Degişli Habarlar