Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1451741
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Haber Türk” gazeti, “Daşary işler ministri Çawuşoglu, Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşuglynyň düýn Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen duşuşandygyny ýazýar.

Çawuşoglu bilen Jonson duşuşykda Liwiýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu duşuşyk hakynda beren beýanatynda, Türkiýäniň we Beýik Britaniýanyň syýasy çözgüde goldaw berýändigine ünsi çekdi.

“Sabah” gazeti, “Kalyndan Liwiýa beýanaty” söz başyly habarynda, Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, Türkiýäniň Liwiýada legal Tripoli hökümetine goldaw berýändikleri we goldaw bermäge dowam etjekdikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Türkiýäniň Liwiýanyň legal hökümetiniň talawyna laýyklykda dekabr aýynda Liwiýa bilen Harby hyzmatdaşlyk we howpsyzlyk şertnamasyny baglaşandygyny ýatladan Kalyn “Şol şertnama laýyklykda BMG tarapyndan ykrar edilen legal hökümetine goldaw berýäris” diýdi.

“Watan” gazeti, “Ministr Karaismailoglu, Öwezow bilen gepleşik geçirdi” söz başyly habarynda, Transport we infstruktura ministri Adil Karaismailoglunyň düýn Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirendigini habar berýär.

Gepleşikde iki ýurduň arasyndaky gara, demir we deňizýoly we awiasiýa gatnawy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Koronawirus epidemiýasyndan soňky kadalaşmaga etabynda transport pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi meselesi seljerildi.

“Hürriýet” gazeti, “Turkish Kargonyň bazar paýy artdy” söz başyly habarynda, THÝ-nyň Baş müdüri Bilal Ekşiniň, iýun aýynda Turkish Kargonyň dünýä bazaryndaky paýynyň 5 göterime ýetendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Ekşi mesele hakynda Twitterden beren beýanatynda “Ýolagçy uçarlarymyz bilen ýük gatnawyna uly goldaw berdik. Howadaky her 20 ýükden birini biz daşadyk” diýip belledi.

“Star” gazeti, Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasynyň UEFA ligasyndaky ilkinji bäsleşinde 3-nji sentýabrda Siwasda Wengriýa bilen bäsleşjekdigini habar berýär.



Degişli Habarlar