Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1450282
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Çawuşoglu ÝB-ne berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň, ÝB-niň Ýokary wekili Borrel bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beren beýanatynda ÝB-ne berk duýduryş berendigini ýazýar.

Gazet, Mewlüt Çawuşoglunyň “ÝB Türkiýä garşy karar kabul eden halatynda degişli jogaby bermeli bolarys, emma bu çözgüde goşant goşmaz” diýendigini belleýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe uly betbagtçylygyň öňüni aldy! Parižiň Ankarany günäkärlemeginiň sebäbi…” söz başyly habarynda, Britaniýada çap edilýän “Finansal Taýmes” gazetiniň, Liwiýanyň gündogarynda iş alyp barýan illegal ýaragly güýçleriň lideri Halyf Haftaryň indi Fransiýa üçin ýük ýagdaýyna gelendigini, şol sebäpli hem resmi Parižiň Ankarany günäkärleýändigini nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti, “Germaniýanyň Türkiýe beýanaty: Çäklendirmeler gysga wagtda bes ediler” söz başyly habayrnda, Germaniýanyň Syýahatçylykdan jogapkär ýolbaşçysy Tohmas Bareanyň, koronawirus epidemiýasy sebäpli Türkiýä goýlan syýahat çäklendirmesiniň gysga wagtda ortadan aýrylyp bilinjekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Barea “Geçen hepde ýagdaýlar gowudy, şeýle dowam eden halatynda çäklendirmeleri bes edip bileris” diýdi.

“Star” gazeti “Türk mebel pudagy üns merkezinde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mebel senagatçylary jemgyýetiniň başlygy Mustafa Baljynyň, mebel eksportunda Amerika ýurtlaryna we ABŞ-da esasy orun eýelemegy maksat edinýäris. Geçen ýyl ABŞ-da 200 million dollarlyk mebel eksport edipdik. Şu ýyl bolsa ABŞ-na 1 milliard dollarlyk mebel eksport etmegi göz öňünde tutýarys” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýenişafak” gazeti, NASA-nyň Halkara kosmos bekedinden paýtagt Ankarany surata düşürendigini we Instagramdan berendigini ýazýar.

Gazet, paýtagtyň ýary gije düşürlen fotosuratynyň 1 milliondan gowrak adam tarapyndan görlendigini we halanandygyny ýatladýar



Degişli Habarlar