Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1446751
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Çawuşogly Makrona berk reaksiýa bildirdi: Huntaçy Halife Hafteri goldaýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Wengriýanyň Daşary işler we Daşary söwda ministri Peter Siýarto bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Liwiýa bilen bagly beýanatyna berk reaksiýa bildirip: "BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararyny dälde gapma-garşy bir karary goldaýar. Fransiýa garakçyny, huntaçy Halife Hafteri goldaýar. Fransiýa dogruçyl hereket edýärmi? Ýok. Fransiýa Haftere ýarag bermändigini aýdýar. Puluny Abu Dabi, ýaragyny bolsa Fransiýa berýär" diýendigini habar berýär. 

Hürriýet gazedi: "Dünýäde diňe 7 ýurt öndürip bilýär. Indi bolsa Türkiýe hem öndürýär" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň, Maýa goýum gurşawyny kadalaşdyrmak koordinasiýasy geňeşiniň maslahatynda: "Dünýäde diňe 7 ýurtda öndürilýän, gümrük gapylarynda bikanun söwdanyň öňüni aljak, rentgen ulgamlary bilen ulag we konteýner skanerleme ulgamyny, MILTAR taslamasynyň çäginde ýerli we milli ýagdaýda öndürmäge başladyk" diýendigini mälim edýär. 

Watan gazedi: "Türkiýe deňiz razwedkasynda ýokary liga çykýar" söz başyly habarynda, Şu ýyl hyzmat bermäge başlajak TJG Ufuk atly gäminiň, Türkiýäni deňizden razwedka maglumatlaryny ýygnamakda, uly bir güýje gowuşdyrjakdygyny beýan edýär. Hünärmenleriň: "Bu ugurda ýokary liga çykýarys" diýip häsýetlendiren gäminiň Ortaýer deňizindäki deňagramlylyga gönüden täsir ýetirer.

Sabah gazedi: "Ýewropalylara 'Dynç alyş üçin iň dogry ýer Türkiýe' diýip çagyryş berildi " söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Germaniýanyň arasynda howa köprüsi roluny öz üstüne alan "SunExpress" howa ýollary kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Maks Kownatzkiniň, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasy etabynda dynç almak üçin çürt-kesik iň dogry ýerdigini aýdandygyna ünsleri çekýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türk okuwçysy Ylmy bäsleşikde bütin dünýäni geçdi" söz başyly habarynda, Russiýada her ýyl geçirilýän Halkara Ylmy esaslary maglumat bäsleşiginde 5-nji synp okuwçysy Begüm Tofanyň, matematika ugry boýunça altyn medala eýe bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #Fuat Oktaý , #Watan , #gazet

Degişli Habarlar