Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1445971
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

 

“Ýeni Şafak” gazeti “Ze Independent : Fransiýa, Liwiýa meselesinde Türkiýäniň  aýyplamak bilen gülkünç ýagdaýa gelýär” söz başlyly habarynda, Liwiýada birnäçe ýyldan bäri huntaçy general Haftara goldaw berýän we onyň ýeňilmegi sebäpli arzuw hyýaly puja çykandygy üçin Türkiýäni aýyplamaga çalyşýan Fransiýanyň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini ýazýar.

“Ze Indepdent” gazetinde çap edilen makalada “Fransuz ýolbaşçylar, Liwiýa syýasatlarynda mamladyklaryny görkezmek üçin Türkiýäni aýyplamak üçin gülkünç ýagdaýa gelýär” diýlendigini belleýär.

“Star” gazeti, “Wengriýanyň Daşary işler ministri, Kipriň grek bölegine we ÝB-ne berk garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Daşary işler ministri Peter Szižžartonyň, Kipriň grek bölegine guran saparynyň çäginde, ÝB-ne agza birnäçe ýurduň Türkiýe hakynda halkyň öňünde başgaça, ýapyk gapylaryň arkasynda bolsa başgaça çemeleşýändigini nygtap “Türkiýe-ÝB gatanaşyklarynda esasy mesele Türkiýä garşy iki ýüzli çemeleşilmeli” diýen sözlerine ýer berýär.

“Watan” gazeti, “Ministr Albaýrak: Türkiýäniň ykdysadiýetine bolan ynam artýar” söz başyly habarynda, Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýragyň “Türkiýäniň yksadiýetine bolan ynam artýar. Aprel aýynda 51, 3 bolan ykdysady ynam indeksi maý aýynda 61,7 göterime, iýun aýynda bolsa 73,5 göterime çenli ýokarlady” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti, “Ýerli we milli elektrik togy bilen işleýän otly relýeslerde” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, ýerli we milli elektrik togy bilen işlejek otlynyň synag sürüşleriniň başlajakdygyna aýratyn ünsi çekendigini belleýär.

Gazet, Transport we infstruktura ministri Mustafa Wanak hem ýerli we milli elektrik tokly otlynyň gysga wagtda ýolagçy gatnawyna başlajakdygy hakynda sözlerine ýer berýär.



Degişli Habarlar