Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1442173
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni şafak gazedi: "Fransiýanyň Prezidenti Makronyň edepsiz sözlerine Türkiýeden berk reaksiýa" söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoýyň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Türkiýäniň BMG-nyň kararlaryna we talabyna laýyklykda Liwiýanyň kanuny hökümetine berýän goldawyny howply oýun hökmünde häsýetlendirmeginiň diňe akyl ýetirilmänlik bilen düşündirip boljakdygyny aýdandygyny habar berýär. 

Sabah gazedi: "Bild gazedinden Türkiýe barada öwgüli sözler" söz başyly habarynda, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkeliň Türkiýä garşy syýahatçylyk çäklendirmesini dowam etdirýärkä, syýahatçy ýaly Antalýa gelen Bild gazediniň işgäriniň, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi barada habar ýazandygyny mälim edýär. "Antalýa howa menzili, Berlin-Tegel howa menzilinden has gowy" diýip bellenen habarda: "Deňiziň kenaryndaky halas edijiler hem maska dakýar" ady bilen we Maýkl Kwandtyň goly bilen çap edilen habarda syýahatçylyk pudagynda görülen çäreler jikme-jik ýagdaýda düşündirilýär. 

Hürriýet gazedi: "Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Demir, mikro emeli hemranyň uçuryljak senesini aýan etdi" söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Prof. Dr. Ismail Demiriň, Kovid-19-yň mikro emeli hemra taslamasyna täsir ýetirmändigini belläp, Tükriýäniň bir emeli hemra kärhanasyna eýe boljakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Emeli hemralar bilen baglanşykly işlerini dowam etdirýändiklerini aýdan Ismail Demir: "Mikro emeli hemrany 2025-nji ýylda uçurmagy maksat edinýäris" diýip belledi. 

Star gazedi: "Türkiýäniň NATO-daky täze harby serkerdeligi" söz başyly habarynda, Deňiz howpsuzlygynyň agdyklyk merkezi serkerdeliginiň Türkiýäniň NATO guramasyna akkreditlenen 2-nji, NATO-nyň bolsa 26-njy agdyklyk merkezi hökmünde halkara derejedäki harby serkerdelik statusyna eýe bolandygyny beýan edýär. 

Watan gazedi: "Türk kärhanalary Indonezoýany merkez hökmünde ulanyp biler" söz başyly habarynda, Indoneziýanyň Jemgyýetçilik işleri we ýerleşdirme ministri Basuki Hadimulžononyň, Türkiýeden amala aşyryljak maýa goýumlary höweslendirjekdiklerini belläp: "Türk kärhanalary Aziýa bazaryna girmek üçin Indoneziýany merkez hökmünde ulanyp biler" diýendigini habar berýär. 


Etiketkalar: #gazet , #dünýä , #metbugat

Degişli Habarlar