Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1424148
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn: Hafteri goldaýanlar ýalňyş tarapda" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň, Liwiýada başdan geçirilýän soňky hadysalar bilen bagly France 24 kanalyna beýanat berendigini habar berýär. Ibrahim Kalyn: "Fransiýa we entegem Hafteri goldaýan taraplaryň ählisi, Liwiýadaky çaknyşygyň ýalňyş tarapyndadygyna ynanýarys" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "Wise-prezident Fuat Oktaý: Türkiýe DKTR-nyň ýanynda bolmaga dowam eder" söz başyly habarynda, Wise-Prezident Fuat Oktaýyň, Türkiýäniň we DKTR-nyň arasynda "Ykdysady we maliýe hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň" gol çekilşik dabarasyna wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly gatnaşandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Epidemiýanyň täsirleri bilen emele geljek täze şertlere taýarlanýan Türkiýäniň DKTR-nyň ýanynda bolmaga dowam etjekdigini aýdan Oktaý: "DKTR-nyň dowamly ykdysady galkynyşa gowuşdyrmak üçin gerek bolan ädimleri tutanýerli we wagt ýitirmän bilelikde etmäge taýardyrys" diýip belledi. 

Star gazedi: "Saglygy goraýyş ministri Koja: Saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sanynda uly artyş bar" söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi barada özüniň Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sanynda uly artyş bar. Hassahananyň reanimasiýa we wirusa ýolugýan adamlaryň sanynda bolsa azalma dowam edýär. Täze gündelik durmuşymyz: Gözegçilikli sosial durmuş, ählimiz bilelikde çäre görmelidiris" diýendigini mälim edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Türkiýeden ýene-de bir ýurda goldaw" söz başyly habarynda, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreş maksady bilen Çada "Koja Ýusuf" atly harby ýük uçary bilen lukmançylyk enjam kömegini ugradandygyny beýan edýär. Lukmançylyk enjam kömeginiň üstünde 13-nji asyrda ýaşap geçen Möwlana Jelaleddin Rumynyň "Umytsyzlygyň arkasynda ençeme umyt bar, garňkynyň arkasynda ençeme ýagtylyk bar" sözleri türk we iňlis dillerinde ýazyldy. 

Haber Türk gazedi: "Fatih buraw gämisi Gara deňiz üçin taýar" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Fatih buraw gämisiniň Gara deňiz üçin soňky taýarlyklaryny tamamlandygyny aýdandygyny aýan edýär. Fatih Dönmez düýn Twitter hasabyndan beren beýanatynda, gäminiň Bosfor bogazyndan geçmek üçin taýardygyny belläp: "Fatih 29-njy maýda Stambulyň basylyp alynan gününde Gara deňiz sapary üçin ýola çykar" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar