Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1420396
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Bütin Türkiýe balkonlarda Milli senany ýerine ýetirdi" söz başyly habarynda, Türkiýede raýatlaryň, 19-nji maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramçylygy mynasybetli öýleriniň balkonlarynda Milli Senany ýerine ýetirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Rejep Taýýip Erdogan hem ýurdyň ähli ýerine ýerine ýetirilen Milli sena ýoldaşlyk etdi. 

Hürriýet gazedi: "THÝ-dan 9 million ýolagçy bilen taryha ýolagçylyk" söz başyly habarynda, Türk howaýollary kärhanasynyň 19-nji maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramçylygy mynasybetli ýörite bir taryhy uçar saparyny amala aşyrandygyny habar berýär. Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň Milli Azat edijilik göreşini başladan gününden 101 ýyl soň, Stambuldan Milli Azat edijilik göreşiniň başlan şäheri bolan Samsuna uçuş amala aşyrdy. www.tarihiyolculuk.com saýtynyň üsti bilen ýadygärlik peteklerini emele getiren millionlarça ýolagçy "Dünýäde iň köp ýolagçy bilen amala aşyrylan hormat uçar saparyna" öýlerinden gatnaşyp, taryhy bir rekora goşant goşdylar. 

Sabah gazedi: "18 milliardlyk ägirt uly taslama ulanylmaga berildi" söz başyly habarynda, gurylyp doly tamamlanan mahaly dünýäniň iň uly suw howdanlarynyň biri boljak Ylysu suw howdanynyň ilkinji turbinasynyň açylandygyny mälim edýär. Türkiýäniň iň uly elektrik tok önümçilik taslamalaryndan biri bolan Ylysu suw howdanynyň 6 turbinasynyň ilkinjisi, 19-nji maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramçylygy mynasybetli açyldy. 

Star gazedi: "Çawuşogly: ÝUNISEF bilen ylalaşyga gelindi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamyndaky güýjüni bütin dünýä subut edendigini belläp: "ÝUNISEF bilen olaryň talabyna laýyklykda bütin dünýädäki çagalaryň mätäç bolan maska we şuňa meňzeş beýleki käbir önümleriň Türkiýede öndürilmegi babatynda ylalaşyga geldik" diýendigini aýan edýär. 

Watan gazedi: "Bütindünýä syýahatçylaryna görä iň çalt özüne geljek ýurt..." söz başyly habarynda, Halkara Maslahat we toý syýahatçylygy forumy tarapyndan 45 ýurtdan syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň arasynda geçirilen sowalnama görä, Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyndan soň iň çalt özüne geljek syýahatçylyk zolaklarynyň biri hökmünde görülýändigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar