Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredý

1417868
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Ministr Koja: Test edilen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Türkiýede test edilen adamlaryň sanynyň 1,5 milliondan geçendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Fahrettin Koja düýn Twitterden beren beýanatynda: "Jemi test sany 1,5 milliondan geçdi. Hassahananyň reanimasiýa bölüminde we ýokan adamlaryň sany azalmaga dowam edýär. Täze durmuş biçüwimiz Gözegçilikli sosial durmuş, ýagny ählimiz çäre görmäge dowam ederis. Şertleri: Maska + 1,5 metr sosial araçäk" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi Ýaponiýanyň metbugatynda" söz başyly habarynda, Ýaponiýanyň FNN Prime atly ýaýlym organynyň, Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi bilen bagly habar taýarlandygyny mälim edýär. Kanal tarapyndan taýarlanan habarda, Türkiýe koronawirusa garşy göreşde iň başarnykly ýurt hökmünde görkezilýär. 

Star gazedi: "Türkiýeden ajaýyp göçüm! Fatih tarapyndan ilkinji gezek" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň: "Hem Ortaýer deňiziniň gündogarynda hem-de iýul aýynyň başyndan başlap Gara deňizde burawlaýyş gämimiz Fatih bilen ilkinji gezek çuň burawlaýyş işlerini geçirmäge başlarys" diýendigini habar berýär.

Sabah gazedi: "Gara deňiziň ançousy 768 müň dollar girdeji getirdi" söz başyly habarynda, Gara deňiziň gündogaryndan 2019-2020-nji ýylyň balyk möwsüminde 768 müň 217 follarlyk abçous eksport edilendigini beýan edýär. Gündogar Gara deňiz Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen maglumata görä, 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabry bilen 2020-nji ýylyň 30-njy apreli aralygynda bolan balyk mösüminde 5 ýurda 433 müň tonna ançous eksport edildi. 

Haber Türk gazedi: "Korendon Türkiýä koronawirussyz dynç alyş paketini satar" söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Korendon atly tur operatorynyň, aralarynda Türkiýe hem bolan çäkli ýagdaýda koronawirussyz dynç alyş paketini hödürlejekdigini aýdandygyny habar berýär. Korendon kärhanasy myhmanlary dynç alyş möhletleri boýunça myhmanhanalaryndan çykmazlyk şerti bilen sosial araçäk we maska aladalary bolmadan dynç alyp biljekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar