Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1416439
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Başakşehir hassahanasy, Ýaponiýanyň metbugatynda" söz başyly habarynda, Açylyşyna birnäçe gün galan Başakşehir Şäher hassahanasy barada, Ýaponiýanyň metbugatynda giňişleýin maglumat berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň beýanatyna ýer berilen Ýaponiýanyň metbugaty takmynan 2 müň 700 orunlyk hyzmat berjek hassahananyň mümkinçiliklerine ünsleri çekdi. Türkiýedäki bu ägirt uly saglygy goraýyş kompleksiniň Ýaponiýanyň iň uly hassahanasy bolan Fužita uniwersitediniň hassahanasyndan hem uludygyna ünsleri çekdi. Koronawirusa garşy göreşde möhüm rol eýelejek hassahananyň, koronawirusa ýolugan adamlary häzirden kabul etmäge başlandygy aýan edildi. 

Star gazedi: "Türkiýäniň Mahabat toparyndan Made in Türkiye logotipli arasaçylyk komplekti" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Mahabat toparynyň jebislik ruhuny simwolizirlemek we ýurdyň marka gymmadyny artdyrmak maksady bilen "Made in Türkiye" logotipi bilen arassaçylyk serişdelerinden ybarat ýörite taýarlanan komplektleri, 60-a golaý ýurtda lomaýlaýyn müşderilere, söwda jemgyýetleriň wekillerine, metbugat işgärlerine we sosial medianyň dünýä meşhur wekillerine ugradyp, Türkiýäniň önümçilik, üpjünçilik we eksport bilen bagly üstünlikleri barada gürrüň berjekdigini habar berýär. 

Hürriýet gazedi: "ABŞ-daky türk toparyndan dünýäde ilkinji gezek" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň meşhur rak merkezlerinden biri bolan Tehas uniwersitediniň MD Anderson Rak merkezinde işleýän Prof.Dr. Bülent Özpoladyň we onuň toparynyň, dünýäde ilkinji gezek genleri gowşatmak usuly bilen Kovid-19-a garşy derman öndürjekdigini mälim edýär.

Ýeni Şafak gazedi: "ASELSAN dünýäde koronawirus epidemiýasyndan iň az derejede täsir alan 4 goranyş kärhananyň biri" söz başyly habarynda, ASELSAN-yň 'Defence News Top 100' kärhanalar sanawyndaky halka açyk bolan kärhanalar sanawynda, dünýäde bazar gymmady koronawirus epidemiýasyndan iň az derejede ýaramaz täsir alan ilkinji goranyş kärhananyň biri bolandygyny beýan edýär. 

Watan gazedi: "ABŞ-nyň Kongresine hödürlenen F-35 habarnamasynda Türkiýe bilen bagly madda" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň hökümetiniň GAO ofisi tarapyndan taýarlanan F-35 bilen bagly habarnamasynda, Türkiýäniň F-35 programmasyndan çykarmagyň taslamanyň önümçilik we üpjünçilik bilen bagly etabyna has hem ýaramaz täsiri ýetirip biljekdigine ünsler çekilýär. 


Etiketkalar: #dünýä , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar