Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1415533
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiýe çalt depginler bilen kadalaşýar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde görülen çäreleriň oňyn netijeler berýändigini belläp: “Koronawirusa ýoluganlaryň, wirus sebäpli ýogalýanlaryň, hassahanalaryň agyr keselliler bölüminde bejergi alýanlaryň we emeli dem alyş enjamyna birikdirilen kesellilerimiziň sany gün saýyn azalýar” diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Erdogan “ Bu etapda sabyrly bolan we jogapkärçilikli hereket eden raýatlarymyzyň her birine minnetdarlyk bildirýärin” diýdi.

Haber Türk gazedi: "TÜBITAK-dan derman we sanyjm bilen bagly buşlukly habar" söz başyly habarynda, TÜBITAK guramasynyň başlygy Prof.Dr. Hasan Mandalyň, koronawirusyň bejergisi bilen baglanşykly 17 derman we sanjym taslamasynyň üstünde işlenýändiklerini belläp: "Derman bilen baglanşykly nesip bolsa tomus paslynda möhüm netijeler almaga, ýagny derman bejergilerini hödürlemäge başlarys. Belki has ir hem bolup biler. Iýun aýynda raýatlara buşlukly habarlarymyz bolar" diýendigini mälim edýär. 

Star gazedi: "Koronawirus dünýäni Türkiýäniň bähbidine üýtgeder" söz başyly habarynda, Merkezi Katarda ýerleşýän Al Jazeera telewideniýesiniň ozalky Baş direktory we Eş-Şark forumynyň başlygy Waddah Hanferiň, koronawirus epidemiýasynyň dünýäde güýç deňagramlylyklary üýtgetjekdigini, Türkiýäniň hem sebitleýin ýagdaýda mundan peýdalanjakdygyny aýdandygyny habar berýär. Hanfer Türkiýäniň harby taýdan güýçlenendigini, ýokary tehnologiýa eýe bolandygyny we ykdysady mümkinçilikleri özgerdendigini beýan etdi. 

Watan gazedi: "Dezinfisirleýän serişdeleriň eksporty 10 esse artdy" söz başyly habarynda, 2019-njy ýylyň ýanwar-aprel aýlary aralygynda 8,6 million dollarlyk dezinfisirleýän serişdeleriň eksporty şu ýylyň şol döwründe 90 million dollara ýetendigini aýan edýär. Bu döwürde dezinfisirleýän serişdeler iň köp eksport edilen ýurtlar DKTR, Yrak we Eýran boldy. 

Hürriýet gazedi: "The Ekonomist: Türkiýe deňagramlylyklary üýtgetdi" söz başyly habarynda, Merkezi Britaniýada ýerleşýän Ekonomist gazedinde berilen habarda, BMG tarapyndan ykrar edilen Liwiýanyň milli Ylalaşyk hökümetiniň Tripoliniň günbatarynda we günorta-gündogarynda başladan operasiýalarynyň Türkiýäniň hem goldawy bilen üstünlikli ýagdaýda geçýändigini aýdandygyny habar berýär. 


Etiketkalar: #TÜBITAK , #dünýä , #gazet

Degişli Habarlar