Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1390578
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogandan koronawirusa garşy göreş bilen baglanşykly ýüzlenme" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde Türkiýäniň saglygy goraýyş infrastrukturasynyň: işgärleri, dermanlar, enjamlar we intensiw terapiýa bölümindäki mümkinçilikleri taýdan dünýäniň ençeme ýurdyna görä ýagdaýynyň gowudygyny aýdandygyny beýan edýär. Prezident Erdogan, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Saglygy goraýyş infrastrukturamyzyň güýji bilen, koronawirusa garşy göreş ýaly kyn bir zamanada nesip bolsa nusgawy ýagdaýda synagdan geçip, bu meseläniň hötdesinden geleris" diýip belledi. 

Watan gazedi: "88 ýurt Türkiýeden lukmançylyk enjamlaryny sorady" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdüri Dr. Hans Kluge bilen wideo konferensiýa arkaly gepleşik geçirendigini habar berýär. Wideo konferensiýada koronawirus epidemiýasy hakynda pikir alyşyldy we Türkiýe bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň arasynda 2020 we 2021-nji ýyllary öz içine alýan iki ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “Epidemiýa garşy göreşde 88 ýurt bizden lukmançylyk enjamlaryny sorady. 30-a golaý ýurdyň islegini kanagatladyrmak üçin uly tagalla etdik” diýdi.

Sabah gazedi: "Koronawirusa garşy sanjymlar bilen bagly tagallalar... Ministr Mustafa Warank beýanat berdi" söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň, ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde "COVID-19 Türkiýe platformasynyň" guramagynda geçirilen "Sanjym we derman oýlap tapmak" atly wideokonferensiýa maslahatynda eden çykyşynda, Türkiýäniň täsirli ylmy-derňew infrastrukturasy we tejribeli alymlary bilen koronawirusa garşy, sanjym we derman oýlap tapmak bilen bagly, global derejede goşant goşmak üçin tagalla edýändiklerini aýdandygyny mälim edýär. Ministr Warank, 14 tapawutly derman-sanjym taslamasynyň üstünde işleýändiklerini belläp, 40 aýry guramadan ýüzlerçe adamyň taslama goşantlaryny goşmak üçin tagalla edýändiklerini aýan etdi. 

Star gazedi: "Türkiýä minnetdarlyk bildirdiler: Hiç haçan ýatdan çykarmarys" söz başyly habarynda, Ýewropa Parlamendiniň Türkiýe habarçysy Naço Sançes Amoryň, koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Türkiýäniň Ispaniýa ugradan lukmaçyyk enjamlary üçin minnetdarlyk bildirip: "Görkezen raýdaşlygyňyzy hiç wagt ýatdan çykarmarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Haber Türk gazedi: "Awtoulag satuwlary ilkinji çärýekde 41 göterim artdy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulag we ýeňil ulag satuwlary 2020-nji ýylyň başyndan mart aýynyň ahyryna çenli bolan aralykda 2019-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 40,62 göterim artyp, 124 müň 403 ulag hökmünde bellige alynandygyny habar berýär.


Etiketkalar: #gazet , #Watan , #awtoulag , #Erdogan

Degişli Habarlar