Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1388290
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Prezident Erdogandan milli arkalaşyk kampaniýasy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Erdoganyň, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreşde "Biz bize ýeteris Türkiýäm" diýip başladylan Milli arkalaşyk kampaniýasy üçin Maşgala, zähmet we sosial hyzmatlar ministrligi tarapyndan bank hasabynyň açylandygyny aýdandygyny habar berýär. Erdogan, Türkiýäniň saglygy goraýyş infrastrukturasynyň beýleki ýurtlara garanyňda gowy ýagdaýdadygyny belläp: "Islendik zerurlygymyzy özümiz üpjün edip bilýäris" diýip belledi. 

Star gazedi: "Türkiýeden koronawirus bejergisinde tankydy göçüm" söz başyly habarynda, Tokat Gaziosmanpaşa uniwersitediniň Inženerçilik we tebigat ylymlar fakultediniň Bioinženerçilik bölüminde, koronawirus anyklaýyş enjamynda ulanyljak ýerli we milli fermentiň oýlanyp tapylandygyny mälim edýär. Tokat Gaziosmanpaşa uniwersitediniň Rektorynyň orunbasary we Bioinženerçilik bölüminiň mugallymy Prof.Dr. Isa Gökçe, Hytaýdan getirilýän koronawirus anyklaýyş enjamlarynda 30-40 göterimlik ýalňyşma paýynyň bardygyny, ýerli we milli önümçilik bilen taýarlanjak fermentler bilen, anyklaýyş enjamlaryndaky dogrulyk görkezijileriniň 99,99 göterim boljakdygyny aýan etdi. 

Sabah gazedi: "Halkara Pul gaznasy aýan etdi! Türkiýe kömek soran ýurtlaryň arasynda däl" söz başyly habarynda, Halkara Pul gaznasynyň Ýewropa departamentiniň müdüri Poul Thomseniň, Türkiýe we Russiýadan daşary, Orta we Gündogar Ýewropadaky ÝB-e agza bolmadyk 9 ykdysadyýetiň aglabasynyň Halkara Pul gaznasyndan tiz maliýe goldawynyň çäginde, gyssagly kömek sorap ýüz tutandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Thomsen, Kovid-19 krizisiniň basyşlaryna garşy Halkara Pul gaznasynyň adatdan daşary ýagdaýlar üçin niýetlenen takmynan 50 milliard dollarlyk programmadan peýdalanmak isleýän 81 ýurdyň bardygyny aýan etdi.

Haber Türk gazedi: "Koronawirus talaby artdyrdy, işe almak boýunça ýaryş başlady" söz başyly habarynda, koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäde ençeme kärhana we işgärler alada batýan wagty, Türkiýedäki käbir firmalaryň artan talaby kanagatlandyrmaga ýetişmeýändigini habar berýär. Migros we Şok ýaly marketler, işgär gözlegine başladylar. Migros 1 müň, Şok bolsa 5 müň adamy işe aljakdygyny aýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Uçarmansyz howa ulagy we uçarman sanynda rekord derejede artyş" söz başyly habarynda, Türkiýede uçarmansyz howa ulagynda we uçarmanlaryň sanynda rekord derejede artyşyň bardygyny mälim edýär. 2019-njy ýylyň ahyrynda uçarmansyz howa ulaglarynyň sany 34 müň 150-ä, uçarman lisenziýasyna eýe bolan adamlaryň sany bolsa 52 müň 120-ä ýetdi. Agyrlygy 500 gr we ondan ýokary bolan uçarmansyz howa ulaglaryny satanlaryň, satyn alanlaryň, öndürenleriň, import edenleriň we uçurýanlaryň sistemada bellige alynmaklary mejbury ýagdaýa getirildi. 


Etiketkalar: #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar