Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1385299
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Dünýäniň 69 ýurdy Türkiýeden kömek sorady, 17-sine ugratdyk" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, koronawirusa garşy görülýän çäreler bilen baglanşykly beýanat berendigini mälim edýär. Erdogan: "Raýatlarymyzdan ýeke täk haýyşymyz öňümizdäki tankydy günlerde wirusyň ýaýramak etabynyň öňüni kesmek üçin berilýän duýduryşlary dululygyna ýerine ýetirmeli. Şeýlelik bilen iň gysga wagtda gündelik kadaly durmuşymyza gaýdyp gelip bileris. Her bir raýatymyzyň jany, biz üçin möhümdir. Şonuň üçin öýüňde gal Türkiýe diýýaris. Şu günki gün dünýäniň 69 ýurdy Türkiýeden kömek sorady, 17-sine mümkinçiliklerimize görä ugratdyk" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Ministr Koja saglyk ýagdaýy gowylaşan adamlaryň sanyny aýan etdi" söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, Türkiýede koronawirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowylaşan adamlar bilen baglanşykly: "Syrkawlarymyzyň biri 65 ýaşynda, 8 gün hassahananyň intensiw terapiýa bölüminde galdy, düýn bolsa öýüne ugratdyk. Syrkawlarymyzyň ýene-de biri 60 ýaşynda şu gün öýüne ugratdyk. Türkiýede koronawirusa ýolugyp, soň bolsa saglyk ýagdaýy gowylaşanlaryň sany 26 adama ýetdi" diýendigini habar berýär. 

Sabah gazedi: "Ministr Albaýrak: Ähli firmalarymyz bilen başlaýarys" söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Berat Albaýragyň, sosial media hasabyndan koronawirusa garşy görülýän çäreler bilen baglanşykly beren beýanatynda: "Ykdysady durnuklylyk galkanynyň çäginde, döwlet banklarymyz we guramadyr-edaralarymyz bilen, ähli pudaklarymyz, ähli firmalarymyz üçin Işe dowam goldawyny başladýarys" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Hürriýet gazedi: "Turkiş Kargo artdyrylan göwrümi bilen lukmançylyk önümlerini Türkiýä getirýär" söz başyly habarynda, täsiri global, emma göreş milli derejede alynyp barylýan bu kyn etapda Turkiş Kargo kärhanasynyň ülke üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlaryny we dermanlary ilki bilen bütin dünýäden Türkiýä, soň bolsa Türkiýeden mätäçlik çekýän ýurtlara ýetirmekde köpri wezipesini ýerine ýetirýändigini aýan edýär. Turkish Cargo şol çäkde Hytaýda öndürilen we 15 minutda koronawirusy anyklaýan enjamlary Türkiýä getirdi. 

Star gazedi: "ABŞ-de ilkinji derman synagy geçirilýär" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynda koronawirusa garşy täsirli bolup biljek bir dermanyň synagdan geçirilmäge başlanandygyny beýan edýär. 



Degişli Habarlar